ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 14-nji maýda Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygynyň barşynda ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň öňküden has gowy boljakdygyny mälim etdi.
Ak tamyň baştutany iki taraplaýyn gatnaşyklary "ajaýyp" we Si Szinpini beýik lider diýip atlandyrdy.
"Men Siziň bilen örän uzak wagtdan bäri tanyş, aslynda bu iki lideriň arasynda iň uzak dowam eden iki taraplaýyn gatnaşyklardyr we bu meniň üçin uly hormatdyr. Biziň ajaýyp gatnaşyklarymyz bardy. Biz gowy düşünşýärdik, kynçylyklara uçran wagtymyz, olary ýeňip geçýärdik. Haýsy-da bolsa bir mesele ýüze çykanda, men Size jaň edýärdim, Siz bolsa maňa. Adamlar bu hakda bilmeýär, emma her gezek bir kynçylyga duçar bolanymyzda, ony örän çalt çözýärdik. Bilelikde ajaýyp geljegimiz bar. Men Hytaýa we Siziň alyp baran işleriňize uly hormat goýýaryn. Siz beýik lidersiňiz, men muny hemmelere aýdýaryn, siz beýik baştutan" diýip, Donald Tramp nygtap geçdi.
Ol geljekde ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň gowulanjakdygyna ynam bildirdi.
"Şeýlelikde, men gepleşigimize sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Bu uly gepleşik bolar. Munuň taryhdaky iň uly sammit bolup biljekdigini aýdýanlar hem bar. Olar beýle duşuşygyň ozal bolup-bolmadygyny ýada salyp bilmeýärler. Men hatda ABŞ-da adamlaryň başga hiç zat hakda gürleşmeýändigini aýdyp bilerin. Emma Siziň ýanyňyzda bolmak, Siziň dostuňyz bolmak meniň üçin uly hormat we ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar öňkülerden has gowy bolar. Köp sag boluň. Sag boluň" diýip, amerikan lideri aýtdy.
Donald Tramp Si Szinpiniň çakylygy bilen 13-15-nji maý aralygynda Hytaýda döwlet saparynda bolýar. Ozal 2017-nji ýylyň noýabrynda Si Szinpiniň Pekinde Trampy kabul eden wagtlaryndan bäri, bu takmynan dokuz ýyldan soň häzirki ABŞ-nyň prezidentiniň Hytaýa amala aşyrýan ilkinji saparydyr.