“Türkmengaz” döwlet konserni kärhananyň önümçilik zerurlyklary üçin enjamlary satyn almak boýunça № T/GAZ-027 belgili açyk tender yglan edýär
Arzalar 2026-njy ýylyň 21-nji maýyndan 6-njy iýulyna çenli kabul edilýär.
Tender aşakdaky lotlar boýunça geçirilýär:
Lot № 2 - «Umumy zawod enjamlary»;
Lot № 2 - «Tehnologik enjamlar».
Tendere diňe tender resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän önüm öndüriji kompaniýalar gatnaşmaga goýberilýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabat ş. 1939, Arçabil şaýoly 56, 13-nji gat, “Türkmengaz” DK salgysy boýunça:
bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
"Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.
Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Tender teklipleri 2026-njy ýylyň 6-njy iýuly ýerli wagt bilen sagat 15:00 çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.
Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.
Elektron poçta: info@turkmengaz.gov.tm
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.
Faks: 40-37-45.
