Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygy senagat desgasynda bolup geçen pajygaly waka zerarly dostlukly Hytaý Halk Respublikasynyň halkyna çuňňur gynanjyny we raýdaşlygyny bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutany şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Hytaýyň Liderine çuňňur gynanjyny bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edasynyň adyndan we hut öz adyndan ugradan hatynda, bu uly pajyganyň täsir eden ähli adamlaryna tüýs ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirmegi haýyş etdi we bolup geçen waka baradaky habaryň Türkmenistanda uly gynanç bilen kabul edilendigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurban bolan şahtaçylaryň maşgalalaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.
