
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik we medeni gatnaşyklar nobatdaky aýdyň hem-de simwoliki subutnamasyna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Raisi Rustam Minnihanowa türkmen alabaýynyň iki sany güjügini — Alabaý atly erkek güjügi we Alaja atly urgaçy güjügi sowgat berdi. Şu ýylyň mart aýynda doglan arassa ganly türkmen alabaýlarynyň resmi şahadatnamasyny Kazan şäherinde Russiýanyň bu sebitiniň ýolbaşçysyna Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň wise-prezidenti Batyr Rejepow gowşurdy.
Bu sowgat birnäçe ýyl mundan ozal binýady goýulan dostlugyň we özboluşly däp-dessuryň gönüden-göni dowamy boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda «KazanForum» halkara ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Kazan şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda, Rustam Minnihanow belent mertebeli myhmana 2021-nji ýylda sowgat berlen ilkinji türkmen alabaýy — Akdusy görkezdi.
Tatarystanyň Raisi sowgady kabul edip, respublika bolan üýtgewsiz mähirli we aýratyn garaýşy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine, Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Sebitiň ýolbaşçysy bilen bilelikde, kiçijik Alabaýy we Alajany Kazanyň «Ýaş kinolog» klubynyň agzalary hem uly joşgun bilen garşyladylar. Sport-amaly itşynaslyk federasiýasynyň ussat tälimçileri çagalar üçin açyk sapak geçirip, Türkmenistanyň janly gymmatlygy we milli buýsanjynyň nyşany bolan türkmen alabaýynyň özboluşly häsiýeti, wepadarlygy, durnuklylygy hem-de müňýyllyklara uzaýan taryhy barada gürrüň berdiler.