
«Türkmennebit» DK tender komissiýasynyň adyndan «Türkmennebit» DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça №-164/1 halkara açyk tenderi täzeden yglan edýär.
Arzalar 2026-njy ýylyň 16-njy maýyndan 2-nji iýulyna çenli kabul edilýär.
Tender aşakdaky lot boýunça geçirilýär:
Lot № 2 – «Umumy zawod, tehnologik we buraw enjamlary»
Tendere gatnaşmaga diňe harydy öndüriji bolup durýan gatnaşyjylar (tender resminamalarynda bellenen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda) goýberilýär.
Arzalary tabşyrmak üçin salgy: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK.
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylardan arza kabul edilmeýär.
Gatnaşyjylar:
– Türkmenistanyň tenderler hakyndaky Kanun bilen tanyşmaly;
– Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
– Tendere gatnaşmak üçin lota 575 ABŞ dollary möçberinde (salgyt bilen) ýa-da manatda ekwiwalent görnüşinde töleg geçirmek üçin hasap-fakturany almaly.
Teklipleri tabşyrmagyň möhleti - Tender teklipleri «Нейтральный Туркменистан» gazetinde bu tenderiň bildirişi resmi taýdan çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda, ýerli wagt bilen sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap maglumatlary ýazmaça arza bilen ýüzleneniňizde berler.
Bir sany möhür bilen tassyklanan, doly tender teklibi bolan bukja, bildiriş çap edilen gününden başlap, ýokarda görkezilen salga tabşyrylmaly we serişdeler hasaba gelip gowuşanyndan soň seretmäge kabul ediler. Bukjada hökmany suratda ankanyň elektron görnüşi (Word formatynda), şertnamanyň esasy şertleri we tehniki-ykdysady spesifikasiýa (Excel formatynda) bolmaly.
Telefon belgileri: 40-39-24 (faks), 40-39-93, 40-31-67, 40-31-82, 40-31-81
Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm