ORIENTIR | 5-nji maý. Biziň neşirlerimizde we Pars aýlagyndaky ýagdaýlaryň ösüşindäki arakesme prossesleri duruzmady — ol diňe şolary has aýdyň ýüze çykmagyna mümkinçilik berdi. Okyjynyň ünsüniň başga ýere sowlan şol günlerinde, dünýä bazarlary wagtlaýyn durnuksyzlyk diýip atlandyrmak gitdigiçe kynlaşýan ýagdaýda ýaşamagyny dowam etdirdi. Dogrusy, biz töwekgelçilik garaşmalarynyň diňe bir hakyky wakalardan öňe geçmän, eýsem bazaryň hakykatyny hem işjeň kemala getirip başlaýan “täze kadasynyň” döreýşine şaýat bolýarys.
Biržalardaky hepde ynjalyksyz deňagramlylyk ýagdaýynda geçdi. Nebitiň nyrhlary düýpli pese gaçyşlary görkezmedi, ýöne dürli faktorlaryň — syýasy duýduryşlardan başlap, öndürijileriň kararlaryna bolan garaşmalara çenli täsiri astynda yrgyldap, durnukly bir nokat tapyp hem bilmedi.
Sişenbe gününiň ilkinji sagatlarynda, Aziýa eýýäm söwda sessiýasyna girip başlanda, bazaryň entek bir karara gelmändigi aýdyň bolýar. Ýöne hut şu näbellilik ýagdaýy durnukly faktora öwrülip başlaýar.
Şeýle şertlerde energetika bazarlarynyň özüni alyp barşy has-da täsirli görünýär. Nebit häzirki wagtda bar bolan gytçylyk sebäpli däl-de, eýsem şol gytçylygyň has ýiti görnüşde ýüze çykmak gorkusy sebäpli ýokary derejelerde saklanýar. Bu bolsa, nyrhyň hakykaty däl-de, gitdigiçe has köp ähtimallygy aňladýandygyny görkezýär.
Gaz, şol sanda suwaklandyrylan gaz hem şol bir logikadan ugur alýar – onuň bahasy diňe şertnamalar arkaly däl, eýsem soňky hepdelere çenli ýene-de üns merkezinde bolan logistika arkaly hem kemala gelýär. Iberişler üçin islendik töwekgelçilikler, hatda çaklamalar derejesinde bolsa-da, bahanyň içine öňünden goşulyp başlanýar. Ähtimal, bu durnukly tejribe hökmünde saklanyp galar.
Hut şu ýerde Pars aýlagy esasy mekez bolmagynda galýar. Onuň töwereginde bolup geçýän ähli zatlar bazarlarda dessine öz beýanyny tapmagyny dowam etdirýär. Bu babatda syýasatçylaryň beýanatlary maýadarlaryň ýene-de üns merkezinde galýar. Emma bazar diňe bir aýdylýan sözlere däl-de, eýsem şol sözleriň aňyrsynda duran ähtimallyklara seslenýär. Bular näçe çaklama kyn boldugyça, nyrhlara goşulýan töwekgelçilik tölegi hem şonça ýokarlanýar.
Güýç merkezleri we köp polýarly dünýäniň liderleri “gyzgyn” sebite heniz hem öz garaýyşlary arkaly seredýärler. Wagtynda ozalky kansler Angela Merkeliň kemala getiren ýewropa çemeleşmesi çaklamalara we ynamlylyga esaslanýan bolsa, hytaý çemeleşmesi — Si Szinpiniň yzygiderli öňe sürýän durnukly gatnaşyklaryna we logistikasyna, Russiýanyň bolsa Wladimir Putiniň garaýyşlarynda beýan edilýän bähbitleriň deňagramlylygyny saklamak zerurlygyna daýanýar.
Bu gapma-garşylyklar biri-birine garşy gelmekden däl-de, eýsem ýagdaýlaryň ösüşiniň ýeke-täk ýagdaý bolmak ähtimallygynyň gitdigiçe azalýandygyny görkezýär.
Şu nukdaýnazardan, adaty adam üçin gitdigiçe has aýdyň duýulýan esasy täsir ýüze çykýar. Nebitiň we gazyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy diňe birža görkezjileriniň çäginde galmaýar. Ol ýangyjyň bahasyna, soňra ulag çykdajylaryna, olar arkaly bolsa, ähli harytlaryň bahasyna diýen ýaly geçýär.
Hut Ormuz bogazy hemmelere şuny öwretdi — bir barrel nebit bilen logistikanyň, dermanyň, unyň, süýjüleriň, mekdep depderleriniň we başga-da köp zatlaryň bahasynyň arasynda göni we üznüksiz baglanyşyk bar. Aýlagdaky geosyýasy ynjalyksyzlyk dessine bütin dünýädäki supermarketleriň tekjelerindäki inflýasiýa öwrülýär.
Gaz bolsa, öz gezeginde, dökünlere, diýmek, oba hojalygyna we azyk önümlerine täsir edýär. Şunda häzirki döwrüň möhüm aýratynlygy ýüze çykýar, ol hem ýönekeý we gaty bir begençli däl pikire baglanyşykly: nyrhlar wagtlaýyn durnuklaşsa-da, bu her gezek gündelik durmuşda nyrhlaryň peselmegini aňlatmaýar.
Şonuň üçin Pars aýlagy baradaky pikir alyşmalar indi diňe tehniki häsiýete eýe däl. Olar gündelik hakykatyň, aşhanada, iş arakesmelerinde we jemgyýetçilik ulaglarynda edilýän gürrüňleriň bir bölegine öwrülýär.
Dürli ýurtlarda benziniň nyrhlary ýokary derejede galýar, käbir ýerlerde döwlet syýasaty arkaly ýumşadylsa, käbir ýerlerde bolsa adamlary öwrenişen durmuş ýörelgesini üýtgetmäge mejbur edip, ýokarlanmagyny dowam etdirýär.
Aýry-aýry sebitlerde çäklendirmeler we goldaw çäreleri maslahatlaşylýan bolsa, beýlekilerinde energetika strategiýalaryna, hatda golaýda ýüz öwrülen çeşmelere dolanyp barmaga çenli gaýtadan seredilýär.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýeniň Ýewropanyň atom energetikasyndan ýüz öwürmegini strategiki ýalňyşlyk hökmünde ykrar edişi ýaly, indi ýewropa resmileri wagtynda özleriniň ýüz öwüren zatlaryny yzyna getirmäge synanyşarlar. Bu bolsa uýgunlaşma döwrüniň entek tamamlanmandygyna şaýatlyk edýär.
Şunuň bilen birlikde ýene bir meýil — haryt iberiş ýollarynyň ähmiýeti güýçlenýär. Durnuksyzlyk şertlerinde diňe bir serişdesi bolanlar däl, eýsem şolary eltmegiň ýollaryna gözegçilik edýänler hem utuş gazanýarlar. Hut şu ýerde gury ýer ugurlary, hususan-da, Merkezi Aziýa özüniň düýpli ygtybarlylygyny görkezip, gowşak deňiz ýollaryndan bähbitli tapawutlanýar.
Ýokarda sanalan oňaýsyzlyklar, şeýle hem olaryň netijeleri uglewodorodlaryň turba geçirijiler arkaly iberilmeginiň artykmaçlyklaryny ýene bir gezek nygtaýar. Olaryň gurluşygy gymmada düşse-de, geljekde olar eltip bermegiň ygtybarlylygy we nyrhlaryň durnuklylygy hasabyna utuş gazanýarlar; şertnamalarda, adatça, bahalaryň iň ýokary we iň pes çäkleri bellenilýändigi sebäpli, olar häzirki wagtda bazardaky üýtgeýän ýagdaýlara garamazdan bähbitlidir.
Sebitde geçirilen gözegçilikler durnuklylygyň diňe serişdeleriň elýeterliligi bilen däl, eýsem olary daşamagyň öňünden çaklap boljakdygy bilen hem barha üpjün edilýändigi baradaky logikany tassyklaýar. Häzirki tendensiýalar dowam etse, şeýle ýollaryň ähmiýeti has-da artar.
Şu nukdaýnazardan, turbageçiriji infrastrukturasynyň ösdürilmegi aýratyn möhümdir. Türkmenistan eksport kuwwatyny yzygiderli giňeltmek bilen uzak möhletli şertnamalara we durnukly ugurlara daýanmagyň daşarky şoklaryň täsirini azaltmaga kömek edýändigini görkezdi. Mysal üçin, häzirki wagtda gaz eksport etmek üçin Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň üç ugry ulanylýar.
Ýaňy-ýakynda, aprel aýynda dünýäniň iň uly gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” käninde bu uglewodorod serişdesiniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň dördünji tapgyry başlandy. Onuň iň möhüm desgasy ýylda 10 milliard kub metr kuwwatlylykly täjirçilik gazyny gaýtadan işleýän zawod bolar, ol hem täze dördünji ugur (D ugur) arkaly türkmen gazyny eksport eder.
Şeýlelik bilen, ýataklary özleşdirmegiň täze tapgyrlaryny işe girizmek we gaz üpjünçiligini giňeltmek diňe ykdysady taslamalar däl, eýsem ählumumy dartgynlyk şertlerinde goşmaça gymmatlyk gazanýan giň durnuklylyk strategiýasynyň elementleridir.
Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýangyç-energetika pudagynyň ýylyň ilkinji dört aýyndaky işiniň netijelerine seredildi. Bu netijeler ähli önüm görnüşlerinde — suwuklandyrylan tebigy gaz, benzin, dizel ýangyjy we çalgy ýaglarynda ýokary ösüş görkezdi. Şeýle-de bolsa, bu netijelere garamazdan, ýurduň Prezidenti nebit we gaz önümçiligini we ähli önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanylyşyny artdyrmagy tabşyrdy.
Duşenbe güni Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylary Raşid Meredow bilen Seýed Abbas Arakçiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Ara alnyp maslahatlaşylan temalaryň arasynda halkara tejribesinde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin diňe syýasy we diplomatik gurallaryň ulanylmalydygy baradaky pikir hem boldy. Bu bolsa, Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine doly laýyk gelýär we sebitdäki ýurtlaryň syýasatyna uly täsir edýän parahatçylyk söýüji merkez hökmündäki ornuny görkezýär.
Bu ýagdaýlarda diplomatik işjeňlik hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebitleýin oýunçylaryň arasyndaky gatnaşyklar prosesleri syýasy-diplomatik ugurda saklamak islegini görkezýär. Bu, bazarlaryň göz öňünde tutýan ýene bir faktorydyr, ýöne hemişe göni däl. Dialog mümkinçiligi barada näçe köp yşarat bolsa, dartgynlylygyň esasy sebäplerini aradan aýyrmazdan, wagtlaýyn durnuklaşmak ähtimallygy şonça ýokary bolýar.
Netijede, arakesme döwründe esasy zat aýdyň boldy: näbellilik ýok bolmady; ol resmi däl ýagdaýda kanunylaşdyryldy, ulgamyň öz bölegine öwrüldi. Bazarlar bu ýagdaýa uýgunlaşýar, ýöne uýgunlaşmak töwekgelçilikleriň azalmagyny däl-de, wagtyň geçmegi bilen olaryň gaýtadan ýaýramagyny aňladýar.
Geljege seredip, iň ähtimal ssenariýa wagtal-wagtal durnuklaşdyrmaga synanyşyklar bilen dowam edýän üýtgewsizlikdir. Bular deňeşdirme boýunça asudalyga ýol berip biler, ýöne islendik yşarata, esasanam Pars aýlagyndan gelýän yşarata duýgurlygyň ýakyn geljekde peselmegi mümkin däl.
Netije has aýdyň sudury öz içine alsa-da, şol öňkiligine galýar. Pars aýlagy şu günki gün serişdeleri gazyp çykarmak kartasyndaky diňe bir nokat däl, eýsem uly syýasatyň, ählumumy ykdysadyýetiň we howpsuzlygyň bähbitleriniň birleşýän çylşyrymly geosyýasy baglanyşykdyr. Bu baglanyşykda dörän ýagdaýlar, hökman her bir ýönekeý adamyň gapjygyna täsir edýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
