Striming hyzmaty Spotify täze barlag ulgamyny işe girizýär, bu bolsa ulanyjylara hakyky ýerine ýetirijileri emeli aň tarapyndan döredilen mazmundan aňsat tapawutlandyrmaga mümkinçilik berer. Ýakyn wagtda ýerine ýetirijileriň profilinde we gözleg netijelerinde “Spotify tarapyndan tassyklanan” diýen ýaşyl bellik peýda bolar.
Täze nyşan aýdym-sazyň hakyky adam tarapyndan döredilendigini tassyklar. Şeýle belligi almak üçin ýerine ýetiriji berk talaplara laýyk gelmeli: diňleýjileriň durnukly sanyna eýe bolmaly, platformadan daşarda (sosial ulgamlarda, merch satuwynda ýa-da konsertlerde) işjeňligini subut etmeli we hyzmatyň howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmeli.
Platforma medeniýete goşant goşýan sazandalara aýratyn ähmiýet berýändigini belleýär. Emeli aň tarapyndan döredilen şahslara, neýro-trekler we diňe fon üçin döredilen “kontent-fermalar” ýaly hasaplar bu tassyklamany alyp bilmez. Spotify döredijiligi özboluşly adam gymmatyna eýe bolan awtorlary tapawutlandyrmak isleýär.
Saz bazary çalt ösýändigi sebäpli barlaglar yzygiderli geçirilip durar. Ilkibaşda derejäni alyp bilmedik ýerine ýetirijiler geljekde meşhurlygynyň artmagy bilen täzeden ýüz tutup bilerler. Ulgam adam döredijiligini algoritmiki döredilen mazmundan netijeli tapawutlandyrmak üçin yzygiderli kämilleşdiriler.
ORIENT
