30-njy aprelde Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredowyň TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary Sultan Raýew bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň esasy mowzugy 2026-njy ýyl üçin niýetlenen giň gerimli bilelikdäki iş meýilnamasyny durmuşa geçirmek we türkmen sungatyny ählumumy türki dünýäsinde ilerletmek boldy.
TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretarynyň sapary 2-3-nji maýda geçiriljek şanly wakalara — TÜRKSOÝ-nyň opera günlerine hem-de görnükli türkmen kompozitory Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanýar. Gurama türkmen medeniýetiniň gazananlaryny wagyz etmäge, ussatlarymyzyň mirasyny halkara giňişliginde tanyşdyrmaga işjeň ýardam berýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen medeniýet işgärleriniň mynasyp bolan TÜRKSOÝ-nyň baýraklarynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu ykrar edilme milli ussatlaryň tutuş türki dünýäsiniň sungatynyň ösmegine goşýan saldamly goşandyny tassyklaýar.
Taraplar öňde geçiriljek çärelere, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna görülýän taýýarlyk meselelerini jikme-jik gözden geçirdiler. Sultan Raýew ýubileý dabaralaryna gatnaşmaga çakylyk gatnaşmaga çakylyk berlendigi üçin minnetdarlyk bildirip, halklaryň arasynda parahatçylygy we özara düşünişmegi berkitmekde Aşgabadyň aýratyn ornuny belledi.
Türkmenistan TÜRKSOÝ-nyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge taýýardygyny tassyklady we bu gurama döwletleriň medeni-ynsanperwer taýdan ýakynlaşmagynyň hem-de “ýumşak güýjüň” iň möhüm guraly hökmünde garaýandygyny mälim etdi.
