Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 3-nji maýda geçiriljek täze sirk çykyşynda baýramçylyk ruhuna aralaşmaga çagyrýar. Tomaşaçylara akrobatlaryň täsirli çykyşlaryny, tälim berlen haýwanlaryň ussatlygyny we gülkünç sahnalary birleşdirýän baý maksatnama garaşýar.
Agşamyň aýratyn bezegi hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilen meşhur «Galkynyş» atly toparynyň hem-de «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary bolar. Şeýle hem «Gündogar ýyldyzlary» toparynyň ýaş zehinleri özleriniň joşgunly we täsirli çykyşlaryny görkezerler.
Tomaşa sagat 18:00-da başlar we ähli ýaşdaky tomaşaçylara ýatdan çykmajak duýgulary bagyşlamagy wada berýär. Myhmanlaryň amatlylygy üçin biletleri resmi web sahypasy https://sirk.gov.tm/ arkaly onlaýn satyn almak mümkinçiligi döredildi.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34.
