Turkish Airlines (THY) awiakompaniýasynyň ozal diňe içerki gatnawlarda ulanylan goş ýük düzgünleriniň täzelenen görnüşi indi halkara ugurlarda hem güýje girer. Bu barada Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalary habar berdi.
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinden başlap içerki gatnawlarda diňe bir goşuň agramy däl, eýsem onuň ölçegleriniň hem göz öňünde tutulýandygyny ýatladýarys. Eger çemodanyň uzynlygynyň, iniň we beýikliginiň jemi 158 santimetrden geçse, ol uly göwrümli hasaplanýar we onuň üçin goşmaça töleg alynýar.
Indi bolsa, 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, şol bir düzgünleriň halkara gatnawlarynda hem ulanyljakdygy anyklandy. Bu ýagdaýda her bir goş üçin goşmaça töleg 90 ABŞ dollaryny düzer. Içerki gatnawlarda bolsa bu töleg eýýäm 1000 türk lirasy möçberinde kesgitlenendir.
Şeýlelik bilen, goşuň ölçeglerine degişli täze talaplar tapgyrlaýyn ähli uçuş görnüşlerine ornaşdyrylýar.
Syýahatçylyk kompaniýalary ýolagçylara howa menziline barmazdan öň çemodanlarynyň ölçeglerini öňünden barlamagy maslahat berýärler, bu bolsa goşmaça çykdajylardan gaça durmaga kömek eder.
