"Bereket Gözbaşy" kompaniýasy
Aşgabatda geçirilen Türkmen-Hytaý sergisinde "Bereket Gözbaşy" HJ Türkmenistanda Geely-niň resmi distribýutory hökmünde çykyş edýär. Kompaniýa 2025-nji ýylyň iň täze modellerini hem-de brendiň tehnologik filosofiýasyny görkezýär.

Türkmenistanda Geely-niň resmi distribýutory
"Bereket Gözbaşy" HJ awtoulaglary öndüriji zawodyndan göni getirýär we resmi kepillik hem-de hyzmat goldawyny üpjün edýär. Bu bolsa halkara standartlaryna laýyklylygy we müşderiler üçin aç-açan şertleri kepillendirýär.

Sergide üç model görkezilýär:
• Geely Emgrand
• Geely Preface
• Geely Monjaro — brendiň flagman modeli bolup, krossower segmentinde öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar. Hytaý bazarynda Geely Xingyue L ady bilen tanalýar
Bu modeller köpçülikleýin bazardan başlap flagman krossowerlere çenli dürli segmentleri öz içine alýar.
Geely-niň taryhy
Geely kompaniýasy 1986-njy ýylda Dolandyryşyň başlygy Li Şufu tarapyndan esaslandyrylan kompaniýadan gözbaş alýar.
1997-nji ýylda kompaniýa awtoulag öndürip başlady we şondan bäri esasy iş ugruny awtoulaglaryň işlenip taýýarlanylmagyna we öndürilmegine gönükdirdi.
Tehnologik ösüş we emeli aň
Geely ulaglar üçin giň gerimli emeli aň modelini işläp taýýarlady. Bu ulgam ulagyň esasy böleklerini — arhitekturany, güýç gurluşyny, şassini we kokpiti — öz içine alýar.
Inženerçilik binýady we global hyzmatdaşlyk
Zhejiang Geely Holding çäginde dürli görnüşli awtoulaglar üçin modul arhitekturalar ulanylýar. Şeýle-de içerki ýangyç hereketlendirijileri (DÝM), gibrid we elektrik güýç gurluşlary ösdürilýär. Şassi tehnologiýalary bolsa dolandyryş we rahatlyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Tehnologik filosofiýa
Geely-niň ösüşi intellektual sürüjilik ulgamlaryna we ulanyjylaryň durmuş hilini ýokarlandyrmaga esaslanýar.
Tehnologiýalaryň esasy ugurlary:
• howpsuzlyk (aktiw we passiw)
• aragatnaşyk we telematika
• güýç gurluşlarynyň netijeliligi
• rahatlyk we salonyň içki gurşawy
Netije
Geely — 1986-njy ýylda döredilen ýokary tehnologiýaly halkara awtokonsern bolup, ýerli öndürijiden dünýä derejesindäki awtomobil we tehnologiýa senagatynyň gatnaşyjysyna öwrüldi. Aşgabatdaky sergide "Bereket Gözbaşy" kompaniýasy brendiň ösüşini, tehnologiýalaryny we 2025-nji ýylyň täze modellerini görkezýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar
E-poçta: info@bereket-gozbashi.group
Satuw ofisleriniň we hyzmat merkezleriniň salgylary:
• Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 602-nji jaý
• Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, 2-nji senagat zolagy, 43-nji jaý
• Balkan welaýaty, Türkmenbaşy–Balkanabat ýolunyň 7-nji km, demirgazyk tarap
• Daşoguz welaýaty, Daşoguz–Howa menzili ýolunyň 6-njy km
• Mary welaýaty, Mary–Aşgabat awtoýolunyň 16-njy km
Telefon belgileri:
+993 65 551881
+993 12 751881
ORIENT
