
Ulanyjylara ähli zerur mümkinçilikleri bir ýerde jemleýän TurkmenTourist mobil goşundysy arkaly awiabiletleri saýlap, satyn almak üçin amatly hyzmat elýeterli boldy.
Bu programmanyň kömegi bilen Türkmenistanyň içindäki uçuşlara, şeýle hem halkara ugurlaryna bilet satyn alyp bolýar. Programma arkaly Turkmenistan Airlines awiakompaniýasynyň hem-de Belavia uçuşlaryna biletleri ilkinji gezek bir hyzmatyň çäklerinde onlaýn görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Töleg bank kartasy arkaly onlaýn amala aşyrylýar, bu bolsa satyn alyş prosesini çalt we ygtybarly edýär. Ulanyja diňe uçuşy saýlap, goşmaça hereketsiz we kassalara barmazdan, satyn alyşy tamamlamak ýeterlikdir.

Bu hyzmat öňünden sargyt etmek işini ýeňilleşdirmäge we ýolagçylaryň wagtyny tygşytlamaga gönükdirilip, biletleri gözlemek, saýlamak we töleg etmek mümkinçiliklerini bir bitewi sanly platformada birleşdirýär.

TurkmenTourist programmasyny App Store we Google Play Market arkaly ýükläp bolýar.