22-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow bilen Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gözalowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda özara saparlaryň we ýokary derejedäki gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegindäki möhüm orny bellenildi. Şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň ähmiýeti, aýratyn-da energetika ulgamynda netijeli we amaly hyzmatdaşlygy berkitmegiň zerurlygy nygtaldy.
Taraplar iki ýurduň arasynda ykdysady we energetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de esasy üns nebitgaz pudagyna gönükdirildi.
