Asyrlaryň dowamynda siwilizasiýalaryň çatrygy bolup hyzmat eden gadymy Hywa şäheri «Üýtgeýän dünýäde strategik hyzmatdaşlyk» atly Merkezi Aziýanyň we Germaniýanyň bilermenleriniň birinji forumyny kabul etdi. Bu waka sebitiň daşky täsirleriň obýekti bolmagyny bes edip, ählumumy prosesleriň işjeň subýektine öwrülýän täze geosyýasy hakykatyna düşünmekde möhüm tapgyr boldy.

Forumyň işine Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy analitikleri, diplomatlary we strategik institutlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Pikir alyşmalarda ýurduň bilermenler jemgyýeti tarapyndan wekilçilik edilen Türkmenistanyň sesi aýratyn orun eýeledi. Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň professory, sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýew öz çykyşynda birpolýarlylykdan köppolýarly dünýä tertibine geçilýän şertlerde sebitiň daşary syýasy strategiýalaryna düýpli seljerme berdi.

Professor Muhammetberdiýew gatnaşyjylaryň öňünde häzirki zaman Ýewraziýasynyň umumy görnüşini janlandyrdy, bu ýerde Merkezi Aziýa döwletleri öz çemeleşmelerini görlüp-eşidilmedik wehimlere uýgunlaşdyrýarlar. Bu uýgunlaşmagyň esasynda köptaraplaýynlyk strategiýasy ýatyr, ol sebit ýurtlaryna Russiýa, Hytaý, ABŞ we Ýewropa Bileleşigi ýaly dünýä döwletleriniň bähbitleriniň arasynda inçe deňagramlylygy saklamaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtyň özünde, esasy ileri tutulýan ugur özygtyýarlylygyň we syýasy garaşsyzlygyň şertsiz goralmagy bolmagynda galýar, bu bolsa sebitiň taryhy mirasy babatda aýratyn möhümdir.
Bilermen durnuklylygyň ykdysady bölegine seljerme berip, häzirki wagtda daşary syýasatyň diwersifikasiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlary çig mal garaşlylygyndan saplanmaga çalşyp, esasy ünsi içeri önümçiligi ösdürmäge, energetika garaşsyzlygyna we düzümleýin böküşe gönükdirýärler.

Ulag-logistika geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak diňe bir tehniki wezipe däl-de, eýsem dünýä bazarlaryna goşulmak üçin zerur şert hökmünde garalýar. Soňky ýyllaryň tejribesi diňe çeýe ykdysady nusganyň ählumumy sarsgynlara döz gelip biljekdigini we milli bähbitleri goramaga ukyplydygyny görkezdi.
Çykyşyň möhüm bölegi sebit bitewiligi konsepsiýasy boldy. Professor umumy medeni we taryhy kökleriň Merkezi Aziýa döwletlerine dünýä giňişliginde bitewi blok bolup çykyş etmäge mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa olaryň gepleşiklerdäki ornuny has-da güýçlendirýändigini belledi. Hazarüsti gaz geçirijisi ýaly giň gerimli taslamalaryň üstünde işlemek we howpsuzlyk meselelerini, şol sanda suw serişdelerini dolandyrmagy bilelikde çözmek täze sebit bitewüligini kemala getirýär.

Hasabatda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky otuz ýyllyk hyzmatdaşlyk ýoluna aýratyn üns berildi. Muhammetberdiýewiň pikiriçe, bu hyzmatdaşlyk eýýäm eýýäm adaty söwda gatnaşyklarynyň çäginden çykyp, çuňňur tehnologik we ynsanperwer özara täsire öwrüldi.
“Siemens”, “CLAAS” we “Daimler’ ýaly senagat ägirtleriniň gatnaşmagy diňe bir tehnikalaryň getirilmegi bilen çäklenmän, eýsem täze nesliň hünärmenleri taýýarlanýan bilim merkezleriniň döredilmegi bilen hem utgaşýar. Germaniýa ekologiýa we “ýaşyl” energiýa geçmek meselelerinde iň möhüm hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär hem-de metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça tehnologiýalary ornaşdyrmaga kömek berýär.

Türkmen bilermeni öz seljermesini tamamlap, ünsi adam maýasyna goýulýan maýalara çekdi. Häzirki wagtda Türkmenistanda 50 müňden gowrak adam nemes dilini öwrenýär, bu bolsa medeniýetleriň arasynda janly köprini döredýär. Lukmançylyk we arheologiýa ulgamyndaky işjeň alyş-çalyş bilen berkidilen bu ynsanperwerlik ölçegi uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň iň ynamly şerti bolup hyzmat edýär.
Hywa forumy häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň Gündogar bilen Günbataryň çatrygynda durnuklylyk zolagyny kemala getirmäge ukyply bolan çeýe bileleşikleriň we strategik erkiň giňişligidigini aýdyň görkezdi.
Bekdurdy AMANSARYÝEW, Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni
