Türkmenistan we Russiýanyň Gämileriň deňiz registri türkmen baýdagy astynda ýüzýän gämiler üçin konwensiýa laýyk tehniki barlaglary geçirmek boýunça ygtyýarlyklary bermek hakynda täze ylalaşygy baglaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Bu meselä 15-nji aprelde türkmen wekiliýetiniň registriň baş müdirligine amala aşyran saparynyň dowamynda seredildi. Wekiliýetiň düzümine Döwlet deňiz we derýa ulag gullugynyň, gämi gatnawyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaranyň, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň wekilleri girdi.
Registriň baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Andreý Fasolko bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda maslahat beriş goldawy, programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlyk we türkmen baýdagy astynda ýüzýän gämileri ulanmak bilen bagly meseleler bar.

Duşuşykda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Admiral S.O. Makarow adyndaky Döwlet deňiz we derýa flot uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda deňizçiler üçin halkara taýýarlyk standartlaryny ornaşdyrmak hem-de Türkmenistanda deňiz gämileriniň ekipaž agzalary üçin häzirki zaman okuw-türgenleşik merkezini döretmek meselelerine garaldy.
Saparyň netijeleri boýunça taraplar gepleşikleriň netijeli häsiýetini bellediler we deňiz ulaglary ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
