2026-njy ýylyň 20-nji aprelinden başlap, Turkish Airlines awiakompaniýasy Aşgabat–Stambul–Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlaryň sanyny hepdede 20 gatnawa çenli artdyrar.
Häzirki wagtda ýerine ýetirilýän gündelik gatnawlardan başga-da, täze tertibe duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri goşmaça uçuşlar giriziler.
Täzelenen tertibe laýyklykda, esasy gündelik gatnawlar aşakdaky ýaly ýerine ýetirilýär:
— Stambulyň howa menzilinden 01:10-da uçup, Aşgabatda 06:50-de gonýar, yzyna uçuş 08:10-da bolup, Stambula 10:25-de barýar;
— agşamky uçuş Stambulyň howa menzilinden 20:15-de çykyp, Aşgabatda 01:55-de gonýar, yzyna uçuş 03:15-de bolup, Stambula 05:30-da ýetýär.
20-nji aprelden girizilýän goşmaça gatnawlar:
— duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri: Stambulyň howa menzilinden 16:30-da uçup, Aşgabatda 22:10-da gonýar, yzyna uçuş 23:30-da bolup, Stambula 01:45-de barýar;
— şeýle hem sişenbe, anna we ýekşenbe günleri: Stambulyň howa menzilinden 14:15-de uçup, Aşgabatda 19:50-de gonýar, yzyna uçuş 21:10-da bolup, Stambula 23:25-de ýetýär.
