2026-njy ýylyň 15-nji aprelinde Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. Goçmyradow bilen Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Farhodşoh Rahmonaliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň däp bolup gelýändigini aýratyn bellediler.
Amaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, şol sanda işewürlik forumlaryny we sergileri geçirmek, işewür toparlaryň wekiliýetlerini alyşmak, şeýle hem iki ýurduň çäginde söwda öýlerini döretmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijesinde taraplar haryt dolanyşygyny artdyrmaga, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we ulag-logistika gatnaşyklaryny ösdürmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
