Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Penşenbe güni, 16-njy aprelde Türkmenistanyň bazarynda oba hojalyk we ýeňil senagaty pudaklarynda birnäçe geleşikler baglaşyldy.
Hindistanly telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň goýy ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Gyrgyzystanyň wekilleri ýerli öndürijilerden dokma önümlerini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri bolsa pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygyny satyn aldylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler «Türkmenýüpek» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen çig ýüpegi satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Günüň jemleri boýunça umumy bahasy 700 000,00 manat we 508 000,00 ABŞ dollary bolan 4 geleşik baglaşyldy.
ORIENT
