Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
Türkmen dizaýneri Göwher Guwerne-Pirgulyýewa 9–11-nji aprelde Marrakeş şäherinde geçirilen Maroc Fashion Week 2026 atly halkara moda hepdeligine gatnaşdy.

Abraýly meýdançada dizaýner milli estetika elementleri bilen utgaşdyrylan häzirki zaman modasynyň özboluşly düşündirişini görkezýän awtorlyk kolleksiýasyny hödürledi.
Çäre dürli ýurtlardan moda pudagynyň wekillerini, dizaýnerleri we baýerleri bir ýere jemledi. Görkezişleriň dowamynda tanymal hem-de täze dizaýnerleriň işleri görkezilip, çäräniň giň halkara häsiýetini aýratyn belläp geçdi.

Gatnaşyjylaryň arasynda Hytaýdan we Fransiýadan dizaýnerler, şeýle hem ýerli brendler hem bardy. Mundan başga-da, podiumda Max Mara we Gérard Darel ýaly meşhur moda öýleriniň kolleksiýalary görkezildi.

