Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin
2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyň düzümine akklamasiýa esasynda saýlandy.
Saýlawlar BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň kömekçi edaralarynyň mejlisiniň çäklerinde geçirildi.
Kabul edilen karara laýyklykda, Türkmenistan 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2030-njy ýylyň 31-nji dekabry aralygynda Toparyň agzasy hökmünde çykyş eder.
Toparyň işine gatnaşmak ýurtlara ylym-tehnologiki ösüş, innowasiýalar we durnukly ösüş boýunça halkara gün tertibini emele getirmäge goşant goşmaga mümkinçilik berýär.
