Erkin göreş boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg agramda çykyş edip, baýrakly orny eýeledi.
17 döwletden 120-den gowrak türgeniň gatnaşan Aziýa ýaryşynda geljegine uly umyt bildirýän türgenimiz erkin göreşi boýunça ussatlygyň ýokary derejesini görkezdi. Başarjaň ildeşimiz 1-nji tutluşykda mongoliýaly türgeni 10-0 hasabynda ynamly ýeňdi. Türkmen türgeni täjigistanly garşydaşy bilen bolan 2-nji tutluşykda hem 10-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ildeşimiziň 3-nji tutluşygynda üstünlik eýranly türgeniň tarapynda boldy. 4-nji tutluşygynda AlpArslan Begenjow ýaponiýaly türgeni 10-5 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde 86 kg agramda çykyş eden Alparslan Begenjow 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy.
ORIENT
