«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýa Federasiýasyndaky baş agenti aprel–maý aýlary üçin Kazan – Aşgabat ugrunda awiabiletleriň bahasynyň arzanlandygyny habar berdi.
Häzirki wagtda Kazan bilen Aşgabat arasyndaky uçar gatnawlary hepdede bäş gezek — duşenbe, sişenbe, çarşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar.
Bellenilişi ýaly, bahalaryň arzanladylmagy howa gatnawlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmaga we bu ugur boýunça ýolagçy islegini höweslendirmäge gönükdirilendir.
Awiabiletleri Russiýa Federasiýasyndaky awiakompaniýanyň baş agentiniň resmi web sahypasyndan, şeýle hem Moskwa, Sankt-Peterburg we Kazan şäherlerindäki satuw ofislerinden satyn alyp bolýar.
