Fransiýanyň ilçihanasy we Türkmenistandaky Fransuz instituty ýerli tomaşaçylara 2026-njy ýylyň Frankofoniýa aýynyň baýramçylygyna bagyşlanan aýratyn medeni çäräni hödürlediler. Bu giň gerimli fransuz medeniýeti baýramynyň çäklerinde paýtagtymyza häzirki zaman Ýewropa sahnasynyň görnükli wekili bolan pianinoçy Kristin Fonlýupt geldi. Onuň Aziýa boýunça çykyşlarynyň sapary «Zenan nyşanlary» atly özboluşly maksatnama bilen geçirilýär. Bu sazly eser iki garşylykly garaýyşdan düzülen: bir tarapdan — Jorj Bize, Morís Ravel we Klod Debýussi ýaly zehinleriň zenan tebigatyna haýran galdyryjy garaýşy; beýleki tarapdan bolsa — zenan kompozitorlar Sesil Şaminad we Mel Bonis tarapyndan döredilen çuňňur hem-de ýürekden çykan saz, olaryň atlary häzirki wagtda dünýä sahnalaryna täzeden dabaraly dolanýar.
Kristin ORIENT neşiriniň okyjylary üçin söhbetdeşlige razy boldy. Onuň bilen žurnalist we kompozitor Aýna Şirowa gürrüňdeş boldy. Söhbetdeşlik fransuz dilinde alnyp baryldy, bu bolsa myhmanyň saz filosofiýasynyň düýp mazmunyna has ýakyndan aralaşmaga mümkinçilik berdi.
— «Fransuz tuşe» diýilýän düşünjäniň syry nämede? Aýdylmagyna görä, fransuz pianinoçylaryň klawiaturalara aýratyn, ýeňil we görünmeýän degiş usuly bar. Bu özboluşly ses çykaryş usuly konserwatoriýalarda nesilden-nesle geçýän mifmi ýa-da hakykatdan hem barmaklaryň aşagynda «howanyň» duýulmasymy?
— Men eserleri ýerine ýetirenimde, sesli peýzaž döretmäge, saz tekstini manyly görnüşde ýetirmäge, ony edil söz ýaly aýdan ýaly ýerine ýetirmäge çalyşýaryn. Şondan hem «fransuz tuşe» diýen düşünje ýüze çykýar. Men Komedi Franséz teatrynyň wokalçylary bilen işlänimde, köplenç frazeologiýa we aýdylşy bilen bagly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýardym. Wokal saz dürli dillerde ýerine ýetirilýär we her diliň özboluşly ritmi hem-de öwüşgini bolýar. Fransuzlaryň eşidiş ukyby dil aýratynlyklary sebäpli tebigy taýdan ýokary derejede ösen. Biz uzyn we gysga çekimli hem-de çekimsiz harplary tapawutlandyrýarys. Hut şu aýratynlyklar sazda frazeologiýany we ýerine ýetiriş tizligini kesgitleýär.
— Metbugatda «Piano orchestra» atly taslamaňyz barada maglumat bar. Bu pikir, orkestr saz gurallarynyň köpüsinden ansambl ýa-da orkestr düzmek mümkin, emma fortepiano köplenç ýeke galýar diýen garaýyşdan döräpdir. Şonuň üçin siz diňe fortepianolardan ybarat orkestr döretmegi maksat edindiňiz. Taslama üçin 100 pianisti jemlediňiz. Bir wagtda 8 800 klawişanyň sesini eşitmek nähili duýgy berýär? Bu, ägirt uly mehanizmi dolandyrmak ýa-da tebigy güýji boýun egdirmäge çalyşmak ýaly duýulýarmy?
— Bu taslama hakykatdan hem örän giň gerimli. Hatda biraz «diwana» diýip hem bolar. Pariž filarmoniýasynyň sahnasynda biz 50 elektron pianino ýerleşdirdik. Her guralyň başynda iki adam — dört el bilen ýerine ýetirýän pianinoçylar ýerleşýär.
— Orkestrde wezipeler nähili paýlanýar? Adaty orkestrdäki ýalymy? Käbirleri kontrabaslaryň ýerine baslary, beýlekiler bolsa fleýtalaryň ýerine oýnaýarmy?
— Doly beýle däl. Biz eseri esasy temalara, goşmaça seslere, motiwlere, ritmiki toparlara we sazlaşyk goldawa bölýäris. Her gatnaşyjynyň özboluşly wezipesi bolýar. Orkestrde 10 ýaşdan 16 ýaşa çenli çagalar çykyş edýär. Elli sany elektron pianinonyň arasynda, orkestriň ornuny tutýan saz gurallarynyň arasynda, bir akustik fortepiano — solist üçin niýetlenen. Bu, adatça, ýokary derejede ussat, wirtuoz pianinoçy bolýar, milli bäsleşikleriň ýeňijisi. Galan gatnaşyjylara bolsa partiyalar olaryň amatly we rahat oýnamagy üçin paýlanýar. Uly ýaşly pianinoçylara has çylşyrymly bölekler ynanylýar, ýaş okuwçylara (iň kiçisi bary-ýogy 8 ýaşynda) bolsa olaryň ýaşyna we ukybyna laýyk gelýän bölekler berilýär.
— Şeýle-de ýüz sany pianinoçy üçin uly sahna çykmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreýär.
— Hut şeýle. Olar üçin hem, olaryň ene-atalary üçin hem sahna çykmak möhüm pursat. Biziň repertuarymyzyň esasyny meşhur nusgawy we häzirki zaman eserleri düzýär, biz olary ýörite fortepiano orkestrine uýgunlaşdyrýarys. Şeýle-de bolsa, biziň gaznamyzda diňe şu taslama üçin döredilen aýratyn eserler hem bar. Munuň üçin ýaş kompozitorlaryň arasynda bäsleşikler yglan edildi. Häzirki wagtda bolsa diňe biziň orkestrimiz üçin ýazylan birnäçe eserimiz bar.
— Bu orkestriň dirižýory barmy?
— Hawa, käwagt dirižýorlyk pultuna özüm geçýärin.
— Siziň ýerine ýetirijilik repertuaryňyzda Astor Pýazzolla köp orun tutýar. Tango bolan höwes nusgawy eserleriň akademiki tertipliligi bilen nähili utgaşýar?
— Pýazzolla bilen tanyşlygym tötänlikden başlandy: bir skripkaçy tango ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaş gözleýärdi we maňa bile çykyş etmegi teklip etdi. Ondan öň meniň dünýäm diňe akademiki repertuar bilen çäklenýärdi, emma bu tejribe meniň üçin saz sungatynyň bütinleý täze ölçegini açdy.
Tango — bu höwes bilen tertipliligiň çaknyşygy däl-de, olaryň ajaýyp sazlaşygydyr. Pýazzollanyň sazy pianinoçynyň dili bilen aýdanyňda, adaty klassika garanyňda has ritmik we gurluş taýdan dikdir. Tango berk tertibi talap edýär: her bir urgynyň örän anyk bolmagy, klawişa uruşynyň bolsa takyk we gury çykmagy zerur — mysal üçin, rok sazyna meňzeş.
Nusgawy eserde biz köplenç saz setiriniň ýumşaklygyny gözleýäris, emma tangoda esasy orun ritmiki karkasa degişlidir. Bu kämil tehnikanyň we ýokary derejeli duýgy jemlenmesiniň çatrygyndaky işdir.
Pýazzollanyň sazyna bagyşlanan taslama bilen işlänimde, tango höwesi bilen nusgawy tertipliligiň garşydaş däldigine tiz düşündim. Pýazzollanyň özi beýik Nadi Bulanženiň şägirdi bolupdyr, onuň sazynyň düýbünde güýçli akademiki esas bar. Pianinoçy üçin bu diýseň gyzykly: sen doly gözegçiligi, ritmde takyklygy saklamaly, şol bir wagtyň özünde sesiň ýiti, janly we täsirli bolmagyna ýol bermeli.
— Aşgabatda siz «Zenan nyşanlary» atly maksatnama bilen çykyş etdiňiz. Bu belli bir derejede deňagramlylyk: erkek kompozitorlaryň aýallar baradaky sazy (Bize, Ravel) we zenan kompozitorlaryň — Sesil Şaminad bilen Mel Bonis — eserleri. Şeýle-de Bonisiň XIX asyryň ahyry — XX asyryň başynda fransuz jemgyýetindäki tankyt sebäpli öz Melani adyny erkek lakamy bilen gizlemäge mejbur bolandygy hem mälim. Konsertiň düşündirişinde feminizm mowzugynyň fransuz diplomatiýasynyň bir bölegi hökmünde görkezilýändigi aýdylýar. Şeýlelikde, diňleýjiler notalarda «jynsy» tapawudy duýýarlarmy ýa-da saz beýik bolanda awtoryň jynsy we lakamy ähmiýetini ýitirýärmi?
— Saz hakykatdan hem beýik bolanda, ol umumy bolýar we biologik çäklerden çykýar. Meniň üçin has möhümi — awtoryň aýratynlygy we ýürekden çykýan beýanaty. Kompozitoryň seslere siňdiren içki dünýäsi, onuň energiýasy we çuňlugy möhümdir.
Meniň maksatnamamda Bize, Ravel, Debýussi we zenan kompozitorlaryň goňşuçylygy jynslaryň garşy goýulmagy däl-de, dürli häsiýetleriň we ýagdaýlaryň dialogydyr. Käwagt zenan tarapyndan ýazylan saz erkekleriňkiden has güýçli we erkli bolup çykýar, we tersine. Ahyrynda, ýagtylyk öçüp, ilkinji takt ýaňlananda, lakamlar hem-de terjimehallar ýitip gidýär. Diňe arassa sungat galýar — ol ähli kesgitlemelerden ýokarda durýar. Diňläp, hiç bir adam kompozitoryň jynsyny kesgitläp bilmez. Meniň konsert maksatnamamyň maksady — zenan kompozitorlaryň eserleriniň ýitip gitmezligini gazanmak. Sebäbi olaryň arasynda örän zehinli awtorlar bar. Erkekler tarapyndan ýazylan eserleriň köp mukdary bilen deňeşdireniňde, zenanlaryň döreden eserleriniň paýy örän az.
— Sizçe, Sesil Şaminad bilen Melani Bonis öz sazlarynda beýik erkek kompozitorlardan has-da ýürekden çykyş etmändirlermi? Sebäbi olar diňe «aýal ruhuny çözmäge» synanyşan ýaly görünýär.
— Jorj Bize ýa-da Morís Ravel aýal barada ýazanda, olar bir mif döredýärler — daşardan syn edilýän ajaýyp portret. Bu, siz dogry belleýşiňiz ýaly, ajaýyp «şifr çözme», ýöne hemişe aralyk bar. Emma Şaminad ýa-da Bonisyň sazlarynda beýle aralyk ýok. Olaryň sazy — bir zady çözmek synanyşygy däl-de, olaryň öz ýaşaýşy, gündelikligi, içki asudalygy we göreşi. Olaryň notalarynda biz «aýal keşbini» däl-de, düşündirişe mätäç bolmadyk diri adam «Menligini» eşidýäris.
Çyn ýüreklilik jynsa bagly däl. Çyn ýüreklilik — kompozitoryň öz-özüne bolan dogruçyllygydyr. Şaminad ýa-da Bonisyň sazynyň bizi şu gün hem çuňňur täsirlemegi olaryň aýal bolandygy üçin däl-de, olaryň seslerde doly dogruçyl bolmaga batyrlyk tapandygy üçindir.
— Sesil Şaminad Klod Debýussiniň arabesklerine ýakyn, ýeňil we wirtuoz stilde ýazypdyr. Emma şol ýeňillik üçin Şaminad köplenç «aşa zenanlyk» diýip tankyt edilýärkä, Debýussi tersine şol häsiýetleri üçin öwülýärdi. Debýusside bu «impressionizm» we täze öwüşginleriň gözlegi diýlip kabul edilýärdi, Şaminad bolsa «salon nepisligi» diýlip peseldilýärdi. Sizçe, bu awtoryň jynsynyň onuň sazynyň bahasyny kesgitlemegi bilen bagly taryhy adalatsyzlygyň bir görnüşimi?
— Meiň üçin ýerine ýetiriji hökmünde başga zat möhüm. Men fortepianonyň başyna geçemde, geçmişiň bu jyns bellikleri ýok bolýar. Şaminadyň arabeskleri Debýussiniň eserleri ýaly ýokary derejeli tehnikany, intellektual gözegçiligi we ses bilen çuňňur işi talap edýär. Onuň sazynyň ýeňil daşky görnüşiniň aňyrsynda örän çylşyrymly garmoniki gurluş we ajaýyp forma duýgusy gizlenýär.
Häzirki wagtda biz esasy zada dolanýarys: sazyň gymmaty awtoryň jynsy bilen däl-de, ýazylan eseriň hili bilen kesgitlenýär. Meniň wezipäm — Şaminady hem tanalýan klassikler ýaly hormat we çynlakaýlyk bilen ýerine ýetirmek. Adalat saz öwrenijileriň jedellerinde däl-de, diňleýji bu sazynyň öz-özünden beýikdigine göz ýetirende konsert zalynda dikeldilýär.
— Şaminadyň ýa-da Bonisyň partituralaryny öwreneniňizde, erkek kompozitor hiç wagt pikir edip bilmejek «aýallara mahsus» usullary ýa-da pikirleniş aýratynlyklaryny tapdyňyzmy?
— Bilýäňizmi, men tehnikada «aýallara mahsus» aýratyn usullaryň ýa-da kompozisiýada aýratyn «aýal logikasynyň» bardygyna ynanamok. Saz ýazuwynyň kanunlary, garmoniýa we ses ýöretmegiň düzgünleri hemmeler üçin birdir. Şaminad ýa-da Bonisyň partituralarynda men ilkinji nobatda ýokary derejeli ussatlygy görýärin.
Erkek kompozitor hem şeýle inçe ýa-da şeýle güýçli ýazyp bilerdi. Meniň üçin olaryň sazynda möhüm zat — şahsy stilidir. Bonisda bu sazlaşykly batyrlyk, Şaminadda bolsa inçe işleniş. Bu olaryň şahsy zehini we häsiýeti bilen bagly.
Saz taryhynda «akwarel ýaly» ýumşak ýazýan erkekler hem, «polat ýaly» güýçli ýazýan zenanlar hem az däl. Hakyky sungat islendik kesgitlemeden giňdir — hut şonuň üçinem ol umumydyr. Mysal üçin, Şaminadda «Omfal» atly eser bar, onda batyrlyk, dramatizm we içki güýç bar — ony diňe «zenana mahsus» diýip bolmaz.
— Şeýle-de bolsa, Şaminad bilen Rihard Wagneriň döredijiligindäki batyrlyk keşplerini deňeşdireniňde tapawut görünýär.
— Elbetde, tapawut bar, ýöne ol jyns bilen däl-de, estetika bilen bagly. Wagner — bu ideologiýa, ägirtlik, mifiki söweşleriň gür sesi we uly orkestr köpçüligi. Onuň «batyrlygy» ähli giňişligi basyp almak isleýär.
Şaminadda bolsa, hatda «Omfal» ýaly eserlerde hem batyrlyk başgaça. Ol has psihologik we jemlenen. Bu goşunyň ýörişi däl-de, içki energiýa, erk we ruhy belentlik bolup, wirtuoz fortepiano dili arkaly beýan edilýär. Eger Wagner uly epik bolsa, Şaminad — bir gahrymanyň dramasydyr.
— Aşgabadyň ak mermerli, berk simmetriýaly şäher. Men kompozitor hökmünde onda ritmi görýärin. Siz nähili forma görýärsiňiz: Ýohann Sebastian Bahyň fugasymy ýa-da Klod Debýussiniň prelýudiýasymy?
— Dogrusyny aýtsam, şäheri görenimde ilki bilen ak binalar we daglar ünsümi çekdi. Şol görnüşde men Bahyň berk filosofiýasyny däl-de, XIX-XX asyryň fransuz kompozitory Gabriel Fauréniň şygyryýetine meňzeş sazyny eşitdim. Onda daglaryň belentligine laýyk gelýän arassaçylyk we asylly sakgynlyk bar.
Eger şäheriň arhitekturasy ritm we simmetriýa bolsa, daglar bu «partitura» çuňluk we janly dem goşýar. Fauréniň sazy hem gurluş taýdan simmetrik bolup, şol bir wagtda edil günüň dowamynda daglaryň ýüzündäki kölegeler ýaly ýagtylyk we inçe geçişler bilen baý. Meniň üçin ak mermer bilen gadymy daglaryň utgaşmasynda ajaýyp deňagramlylyk döreýär: adam tarapyndan döredilen tertip tebigatyň bakylygy bilen duşuşýar.
— Kompozitor eser döredende, ol diňe özüne düşnükli manylary sazyna siňdirýär. Siziň üçin ýerine ýetiriji awtoryň syrlaryny «çözüjimi» ýa-da siz öz hekaýaňyzy döretmäge haklymy?
— Meniň pikirimçe, ýerine ýetiriji diňe bir «şifr çözüji» ýa-da diňleýjilere awtoryň hatyny ýetirýän poçtalýon däl. Eger hemme zady diňe awtoryň syrlaryny çözmek bilen çäklendirsek, saz janlylygyny ýitirip, muzeý eksponatyna öwrüler.
Elbetde, kompozitoryň teksti — esasdyr. Emma men ýerine ýetirijiniň öz hekaýasyna doly hukugynyň bardygyna ynanýaryn. Saz döredijilik hyzmatdaşlygynyň pursatynda dünýä inýär: kompozitor gurluşy berýär, men bolsa ony öz tejribäm, öz demim we öz manylarym bilen doldurýaryn.
Käwagt biz partituralarda hatda awtoryň özem duýmadyk zatlaryny tapýarys. Bu onuň pikirini inkär etmek däl-de, onuň sazyna häzirki wagtda hem ýaşamaga mümkinçilik bermekdir. Ýerine ýetiriji — bu söhbetdeşdir, gowy gürrüňde bolsa her kimiň öz garaýşy bolmaly. Hut şu şahsy äheň ýerine ýetirişi janly edýär.
— Žurnalist üçin iş nokat bilen tamamlanýar, kompozitor üçin bolsa soňky akkord bilen. Konsertden soň yşyklar öçende pianinoçy näme duýýar?
— Ilkinji we iň güýçli duýgy — bu ýadawlyk.
— Kanagatlanma duýgusy bilen bilemi?
— Elbetde, bu dymyklykda aýratyn bir kanagatlanma hem bar — sen bu ýoly geçendigiňi, sazy diňleýjä ýetirendigiňi we bu güýçli dartgynlygy başaryp geçendigiňi duýýarsyň. Bu diňleýji bilen aragatnaşygyň amala aşandygy baradaky dymyk şatlykdyr.
Emma şol bir wagtda içimdäki esasy tankytçy oýanýar. Men her bir jikme-jigi, her bir parçany seljerip başlaýaryn: nädip has takyk, has çuň ýerine ýetirip bolardy diýip pikir edýärin. Men üçin konsert soňky akkord bilen gutarmaýar — ol içki gözlegde dowam edýär. Hut şu öz-özüňe tankyt goýmak ösüşe itergi berýär. Netijeden razy bolsaňam, ertir özüňden has gowy bolmak ýollaryny gözleýärsiň.
— Her bir žurnalist tekstiň düşnükliligine ymtylýar. Kompozitor bolsa tersine, aýdylmadyk manylary gymmat görýär. Siziň üçin, pianinoçy hökmünde, her notanyň aýdyň eşidilýän ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen «fransuz dumanlygy» — ýagny aýdylmadyk zatlaryň ähmiýeti arasynda serhet nirede?
— Fransuz saz sungatynda şeýle düşünje bar — yşarat etmek sungaty. Men her manyny «gaty aýtmak» däl-de, diňe duýdurmak bilen çäklenmeli. Şeýle diýilýän «fransuz dumanlygy» — bu ses reňklerini örän inçe dolandyrmakdyr. Hakyky jady diňleýjiniň hyýaly üçin boş giňişlik galanda ýüze çykýar. Sazda iň möhüm zat hemişe notalaryň arasynda bolýar.
— Kristin, men diňe žurnalist däl, eýsem kompozitor hem, siziň ýaly konserwatoriýada sapak berýärin. Şonuň üçin sizi sowgatsyz goýberip bilmerin. Siziň dürli ýurtlardan ýygnan notalaryňyzyň uly ýygyndysynyň bardygyny bilýärin. Emma sizde heniz türkmen notalary ýok. Men öz eserlerimiň doly bukjasyny getirdim. Olaryň arasynda kompozitorlar bäsleşiginde 1-nji orny alan fortepiano üçin sonatina bar. Şeýle hem «Çagalar albomy» bar — bu ýerde saz bilen birlikde kiçi pantomima elementleri hem ulanylýar.
Mundan başga-da, söhbetdeşlikden öň siz Aşgabadyň golaýyndaky Gadymy Nusaýyň arheologik ýerlerine baryp görendigiňizi aýdypdyňyz. Men bolsa pikir etdim: nähili gyzykly gabat gelme! Sebäbi meniň bukjamda «Gadymy Nusaý» atly fortepiano miniatýuralarynyň toplumy hem bar.
— Men bu notalary uly şatlyk bilen kabul edýärin. Şeýle hem olary ýerine ýetirjekdigime söz berýärin. Olar Merkezi Aziýanyň kompozitorlarynyň sazyna bagyşlanan diskime giriziler. Aragatnaşyk maglumatlarymyzy hem alyşalyň, habarlaşyp duralyň.
— Ýeri gelende aýtsam, düýnki konsertiňizden soň köp diňleýjiniň özara ara alyp maslahatlaşan bir soragyny bermeli. Siz goşmaça ýerine ýetiren iň soňky eser — minimalistik, özboluşly, häzirki zaman usullaryny ulanýan bir eserdi: fortepianonyň klawişalaryny basmak, bir sesi çaltlandyrmak we haýallatmak ýaly usullar bardy. Ähli diňleýjileriň adyndan soramak isleýärin: bu eseriň awtory kim? Men şol eserde giň meýdanlarda çapýan aty, onuň güýçli dem alşyny we tükeniksiz güýjüni göz öňüne getirdim.
— Bu türk kompozitory Fazil Saýyň «Gara toprak» atly eseridir. Bu ýerde ol türk halk üflenýän saz guralynyň sesine öýkünýär.
— Garaşylmadyk zat. Men hemişe Fazil Saýy jaz kompozitory diýip bilýärdim. Şeýle eserleriniň bardygyny bilmeýärdim.
— Hawa, onuň akademiki žanrlara ýakyn eserleri hem bar. Mysal üçin, onuň sonatalary.
— Men sizi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde geçirilen ussatlyk sapagyňyza gatnaşdym. Siz ýaş pianinoçylar bilen nähili ýeňil, degişme bilen işleýändigiňiz meni haýran galdyrdy.
— Men hem zehinli türkmen ýaşlary bilen işlemekden lezzet aldym. Men konserwatoriýanyň talyplaryny hem, ýörite sazçylyk mekdebiniň okuwçylaryny hem diňläp bildim. Ýaş pianinoçylar bilen aragatnaşykdan kanagatlandym. Türkmenistanda zehinli ýaşlaryň örän köpdügini aýtmak isleýärin. Türkmenistanyň ýerine ýetirijilik mekdebi ýokary derejede. Türkmen sazandalaryna üstünlik arzuw edýärin!
— Söhbetdeşlik üçin sag boluň!
Aýna Şirowa
