Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dünýä gün tertibiniň iň wajyp meseleleri bolan Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylyklaryň ýitileşmegi we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça Türkmenistanyň anyk hem-de berk garaýyşlaryny beýan etdi.
Goňşy sebitde köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ulanylmagynyň töwekgelçilikleri baradaky soraga jogap berip, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň onuň doly we gürrüňsiz gadagan edilmeginiň tarapdarydyygyny nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnamanyň işjeň gatnaşyjysy bolan ýurt üçin bu derejäniň diňe bir syýasy mesele däl-de, eýsem, ilkinji nobatda, geljekki nesilleriň öňündäki ahlak we jogapkärçilik meselesidigini belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň ulanylmagynyň ekologiýa hem-de iri sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlaryna agyr täsir etjekdigini we muňa kembaha, ýüzleý hem-de oýlanyşyksyz garamak örän howply, ýol berilmesiz ýagdaýdygy aýratyn belledi.
Söhbetdeşlikde Hazar sebitine degişli ýagdaýa aýratyn üns berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hazarýaka döwletler bolan Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa bilen bilelikde 30 ýyldan-da köp wagtyň dowamynda yzygiderli hem-de açyk göwünli meýiller bilen Hazar hyzmatdaşlygyny ýola goýandygyna düşünmek geredigini belledi. 2018-nji ýylda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa bolsa şol işleriň iň esasy bölegidir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň serhetdeş Hazarýaka döwletiň çäklerine harby zarbalaryň urulmagyna biynjalyk bolmagy tebigydy ýagdaýdygyny we ýurduň şeýle hereketleri doly ret edýändigini mälim etdi.
«Hazar sebitinde harby hereketler düýbünden ýol berilmesizdir» — diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady.
Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň ýitileşmeginiň öňüni almaga we onuň geriminiň Hazar sebitine çenli giňelmegine ýol bermezlige gönükdirilen Hazarýaka döwletleriň Bilelikdäki Beýannamasynyň taslamasyny goldamaga taýýardygyny mälim etdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu resminamanyň Aşgabadyň düýpli garaýyşlaryny, şeýle-de gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýandygy baradaky pikirlerini beýan etjekdigini belledi.
Türkmenistanyň garaýşy üýtgewsizligine galýar: islendik jedeller diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmelidir. Aşgabat töwekgelçiliklere dogry baha bermäge ukyply we strategik taýdan möhüm sebitde parahatçylygyň kepili hökmünde çykyş edýän jogapkärli halkara hyzmatdaş hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassyklady.
