Türkmenistanyň milli awiakompaniýasy geljekki hünärmenlere maýa goýýar: Ankarada ýerleşýän Türkiýäniň Awiasiýa Assosiasiýasynyň Uniwersitetinde uçarmanlary taýýarlamak boýunça dört ýyllyk maksatnama üçin resminamalaryň kabul edilişi açyldy.
Kabul edilişiň esasy aýratynlygy — uçurymlaryň “Türkmenistan” awiakompaniýasynda azyndan 10 ýyl işlemek borjydyr. Bu şert synaglary üstünlikli tabşyrandan soň, awiakompaniýa, talyp we onuň kepili arasynda baglaşylýan üçtaraplaýyn resmi şertnama bilen berkidilýär.
Awiakompaniýanyň öz üstüne alýan çykdajylary:
• Okuwyň doly tölegi (nazaryýet we uçuş amalyýeti);
• Talyplar umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak;
• Her ýyl Aşgabat — Ankara — Aşgabat ugry boýunça uçar petekleri.
Talyp tarapyndan tölenýän çykdajylar:
• Wiza resminamalary we lukmançylyk ätiýaçlandyryşy;
• Gündelik çykdajylar, iýmit, aragatnaşyk we Türkiýäniň içindäki ulag.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar: Bäsleşige Türkmenistanyň raýatlary (erkekler) aşakdaky şertler bilen gatnaşyp biler:
• Ýaşy: 25 ýaşdan uly bolmaly däl;
• Bilimi: umumy orta bilimden pes bolmaly däl;
• Harby gulluk: harby bilet hökmany;
• Saglyk ýagdaýy: Aşgabadyň Halkara howa menziliniň lukmançylyk merkezinde
ICAO standartlaryna laýyklykda lukmançylyk barlagyndan üstünlikli geçmeli.
Okuwa kabul edilmegiň tapgyrlary we synaglar:
Resminamalaryň kabul edilmegi 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli dowam eder. Giriş synaglary 1–15-nji iýul aralygynda Aşgabat şäherindäki Awiasiýa işgärlerini taýýarlamak mekdebinde geçiriler.
Dalaşgärler şu dersler boýunça synag tabşyrarlar:
• Iňlis dili;
• Matematika;
• Fizika.
Soňky tapgyr hökmünde awiakompaniýanyň ýolbaşçylary we türk uniwersitetiniň wekilleri bilen söhbetdeşlik geçiriler.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Aşgabat şäheri, A. Annaýew köçesi (öňki Kotowskiý), “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň binasy.
Telefon belgileri: 23-47-88, +993-65-72-58-43.
