||
Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan başlap Stambul – Lissabon – Stambul ugrunda uçuş maksatnamasyny giňeltdi.
Häzirki wagtda Stambul bilen Lissabonyň arasynda uçuşlar hepdede 21 gezek amala aşyrylýar.
Täzelenen tertibe laýyklykda, gündelik esasy gatnawlar Stambuldan 09:50-de uçup, Lissabona 09:55-de gelip ýetýär. Yzyna gaýdýan gatnawlar bolsa 10:55-de ugrap, Stambula 17:40-da barýar.
Mundan başga-da, goşmaça gatnawlar duşenbe, çarşenbe, anna we ýekşenbe günleri amala aşyrylýar. Olar Stambuldan 12:45-de uçup, Lissabona 15:50-de gelip ýetýär.
Uçuşlaryň ýygylygynyň artdyrylmagy ýolagçy isleginiň ýokarlanmagy bilen bagly bolup, Türkiýe bilen Portugaliýanyň arasynda howa gatnawyny ösdürmäge gönükdirilendir.
