||
Turkish Airlines awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 29-njy martyndan Stambul- Tripoli (Liwiýa) - Stambul ugry boýunça uçuş ýygylygyny hepdede 14 gatnawa çenli artdyrdy.
Şeýlelikde, Stambul bilen Tripoliň arasynda indi iki ugur boýunça günde iki gatnaw amala aşyrylýar.
Täzelenen tertibe laýyklykda gatnawlar her gün ýerine ýetirilýär. Stambuldan uçuş sagat 07:40 we 15:50 bolup, Tripoli şäherine uçar ýerli wagt bilen sagat 09:40 we 17:50 gonýar. Gaýdyşyn gatnawlar Tripoliden sagat 11:30 we 19:40 amala aşyrylyp, Stambula sagat 15:35 we 23:40 gelýär.
