Çarşenbe güni Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda, Hytaýyň ösüş mümkinçiliklerini Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardygyny mälim etdi. Ol Hytaýyň Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze nusgasyny bilelikde kemala getirmäge taýýardygyny belledi.
Si Szinpin Garaşsyzlygyny alanyndan bäri geçen 35 ýylyň içinde Türkmenistanyň öz milli aýratynlyklaryna laýyk gelýän garaşsyz ösüş ýoluny kemala getirendigini nygtady.
Hytaý tarapy hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmek we bitewi ykbal bilen hytaý-türkmen jemgyýetini gurmakda has uly öňegidişliklere ýetmek üçin türkmen tarapy bilen işleşmäge taýýar diýip, Si Szinpin aýtdy.
Özara goldaw bermek Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ilerletmegiň esasy bolup durýar diýip, Si Szinpin nygtady.
Halkara ýagdaýlaryň üýtgemegine garamazdan, Hytaý Türkmenistanyň milli Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goramagyny, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygyny yzygiderli goldar hem-de Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar diýip, Hytaýyň Başlygy sözüniň üstüni ýetirdi.
Si Szinpin iki ýurduň ýagny Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny we Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» ösüş strategiýasyny utgaşdyrmagy çaltlandyrmalydygyny, gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmelidigini, söwdanyň we maýa goýumlaryň derejesini ýokarlandyrmalydygyny, şeýle hem ulag infrastrukturasy, oba hojalygy, emeli aň, sanly ykdysadyýet we arassa energiýa ýaly çig mal däl pudaklarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmalydygyny mälim etdi.
Ol Luban ussahanasynda hünär öwretmek maksatnamalaryny ösdürmek, adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek we özara medeniýet merkezleriniň açylmagyny çaltlandyrmak ugrunda bilelikde tagalla etmäge çagyrdy.
Si Szinpin iki tarapyň hem ösüş üçin has ygtybarly howpsuzlyk ulgamyny döretmek maksady bilen, terrorçylyga, separatizme we ekstremizme garşy tutanýerli göreşmelidigini belledi.
Çygyryşlardan we wehimlerden doly dünýäde, Hytaý Birleşen Milletler Guramasynyň derejesini we abraýyny berk goramak, köptaraplylygy amala aşyrmak hem-de ählumumy bähbit üçin giň geňeşmeleri we bilelikde goşant goşmagy göz öňünde tutýan ählumumy dolandyryş konsepsiýasyny gorap saklamak üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr diýip, ol aýtdy. Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň ösüşiniň bütin dünýä bähbitlidigini we gülläp ösýän Hytaýyň dünýäni has gowulaşdyrjakdygyny mälim etdi.
Başlyk Si Szinpiniň şahsy tagallalary netijesinde, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar çalt we durnukly ösýär, kanun çykaryjy edaralar we syýasy partiýalar ýakyn gatnaşyklary saklaýarlar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk has-da baýlaşýar we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk ýokary derejä ýetýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki tarapyň hem ykdysady we durmuş ösüşine ýardam berýän esasy şertlere öwrülendigini, munuň özi bolsa iki ýurduň halklarynyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini aýtdy.
Türkmenistan, hemişe bolşy ýaly, “Bitewi Hytaý” ýörelgesine ygrarly bolar we Hytaý bilen strategik taýdan ýakynlaşmagy güýçlendirmäge, energetika, söwda, ulag infrastrukturasy we beýleki ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem ösüşi, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmek ugrunda bilelikde işlemäge taýýardyr diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Türkmen tarapy Hytaýa hemişelik Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygy üçin minnetdardyr, Başlyk Si Szinpin tarapyndan öňe sürlen dört sany ählumumy başlangyja we Hytaýyň halkara işlerindäki yzygiderli adalatly ornuna ýokary baha berýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we “Hytaý-Merkezi Aziýa” mehanizmi ýaly köptaraplaýyn meýdançalarda Hytaý bilen utgaşyklylygy we hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge hem-de sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy bilelikde goldamaga taýýardyr diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.