||

2025-nji ýylyň jemleri boýunça Azerbaýjan Türkmenistandan 36 million 408 müň ABŞ dollar möçberinde 238 million 842 müň kub metr tebigy gazy import etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Statistika baradaky döwlet komiteti habar berýär.
Import edilen gazyň ortaça bahasy 1000 kub metr üçin 152,4 dollar (takmynan 259 manat) boldy.
Türkmenistan Azerbaýjanyň bazarynda tebigy gazyň iň uly üpjün edijisi hökmünde öz ornuny saklaýar.