Türkmenistanda umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda informatika boýunça bäsleşik geçirildi. Bu çäre sanly başarnyklary ösdürmäge hem-de maglumat tehnologiýalary ulgamynda zehinli ýaşlary goldamaga gönükdirildi.
Bäsleşik 16-njy martda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň garamagyndaky “Sanly çözgüt – IT meýdança” hojalyk jemgyýetiniň binýadynda geçirildi. Oňa welaýat, etrap we şäher derejesinde IT ugry boýunça ýokary netijeleri görkezen 12-nji synp okuwçylary gatnaşdy.
Bäsleşigiň dowamynda okuwçylar öz bilimlerini görkezip, informatika boýunça test tabşyryklaryny we amaly meseleleri üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan diplomlar, hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandy.
Şunuň ýaly çäreleriň geçirilmegi ýaşlaryň ukyplaryny ýüze çykarmaga we olary ösdürmäge, şeýle hem ylmy-tehnologiýa ösüşiniň häzirki zaman gazananlaryny ulanmaga ukyply hünärmenleri taýýarlamaga ýardam berýär.
