Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji martda Pekinde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren resmi duşuşygy diňe bir saparyň iň esasy pursady bolman, eýsem, polat ýaly berk dostlugyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Pursatdaky simwoliki manyny Hytaýyň Başlygynyň özi hem nygtady: bu duşuşyk Hytaý Täze ýylynyň tamamlanmagy we Nowruz baýramynyň öňisyrasynda gabat geldi. Iki beýik medeniýetiň baýramlarynyň bu utgaşmasy, Türkmenistan bilen Hytaýyň Ýewraziýada biri-biri üçin strategik daýanç bolup çykyş edýän geljegi baradaky çuňňur söhbetdeşlik üçin ajaýyp şert döretdi.
Gepleşikleriň esasy temasy iki sany ählumumy strategiýanyň: «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» we «Bir guşak, bir ýol» başlangyçlarynyň utgaşdyrylmagy boldy. Liderler şu günki günde wagtyň synagyndan geçen, hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk derejesine çykan döwletara gatnaşyklarynyň özboluşly ulgamynyň döredilendigini tassykladylar. Si Szinpin Hytaýyň Türkmenistana Merkezi Aziýada ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny we ýurduň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, şeýle hem onuň BMG-niň çäginde ählumumy howpsuzlyga gönükdirilen başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny aýratyn belledi.

Energetika pudagy bu bileleşigiň ssasy sütüni bolmagynda galýar. Gurbanguly Berdimuhamedow we Si Szinpin «Galkynyş» gaz känini mundan beýläk-de özleşdirmegiň geljekki mümkinçiliklerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Gaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi täze tehnologik tapgyrlar üçin gapyny açýar, bu ýerde türkmen serişdesi we hytaý innowasiýalary energetika diplomatiýasynyň nusgasyny döredýär.
Emma hyzmatdaşlyk diňe ýangyç-energetika toplumy bilen çäklenmeýär: üns merkezinde — ulag logistikasy, suw tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, «ýaşyl» energiýa we Türkmenistandan Hytaýyň ägirt uly bazaryna ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümleriniň iberilmegi durýar.
Duşuşygyň ynsanperwerlik ugry geljegiň anyk taslamalary bilen baýlaşdyryldy. Taraplar Türkmenistanda « Lu Ban ussahanalaryny» we Adaty hytaý lukmançylyk merkeziniň açylmagyny, şeýle hem türkmen ýaşlarynyň Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Dialogda intellektual eýeçilik we atçylyk temasy aýratyn orun eýeledi — ahalteke bedewleriniň watany bolan Türkmenistan we «asman atlaryna» uly sarpa goýýan Hytaý bu ugurda özboluşly umumy gyzyklanmalary tapýarlar.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza sapar bilen gelmäge iberen çakylyk hatyny gowşurdy.
Özara sowgat alyşmak dabarasy gatnaşyklaryň ak ýürekliligini we ynamly häsiýetini nygtaýan duşuşygyň ajaýyp wakasyna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Si Szinpine Gadyrly atly ajaýyp ahalteke bedewini sowgat berdi.

HHR-iň Başlygy sowgady kabul edip, özüne 12 ýyl mundan ozal sowgat berlen Gahryman atly bedewi mähir bilen ýatlady hem-de Hytaýda ahalteke bedewleriniň ýokary hormatyň nyşanydygyny belledi. Resmi duşuşykdan soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň we HHR-iň Başlygynyň bilelikde gezeňleç etmegi, şu günki günde Aşgabat bilen Pekiniň arasynda diňe bir işewürlik bähbitleriniň däl-de, eýsem, ykballaryň we uzak möhletleýin maksatlaryň umumylygyna çuňňur düşünişmegiň bardygynyň aýdyň subutnamasy boldy.
