18-nji martda, çarşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna dostluk saparynyň çäklerinde, Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy.
Bu dialog möhüm taryhy pursady alamatlandyrdy: şu ýyl ýangyç-energetika pudagyny türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasyna öwüren giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 20 ýyl dolýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow deňhukuklylyk, özara düşünişmek, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan iki döwletiň özara gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşýandygyny nygtady. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisi bu üstünligiň aýdyň nyşanyna öwrüldi, ýagny CNPC-niň ýolbaşçysy bolsa bu taslamany asyryň iň iri taslamalarynyň biri diýip adalatly atlandyrdy.
Hyzmatdaşlygyň 20 ýyllyk ýubileýi mynasybetli, türkmen halkynyň Milli Lideri toplanan tejribäni ulgamlaşdyrmaga we integrasiýanyň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjek halkara ylmy-amaly maslahatyny geçirmegi teklip etdi.
Gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek boýunça gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge aýratyn üns berildi. Bu özboluşly gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi netijesinde müňlerçe täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berdi we uzak möhletleýin eksport borçnamalary üçin ygtybarly çig mal binýadyny üpjün etdi. Taraplar «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň indiki tapgyrlaryndaky üstünlikli öňegidişlikleriň «açyk gapylar» syýasatynyň netijeliliginiň aýdyň mysalydygyny tassykladylar.
Gurbanguly Berdimuhamedow sebit ähmiýetli taslamalara ünsi çekip, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň ähmiýetini belledi. Bu bölek türkmen gazynyň günorta ugra täze ýollaryny açýar.
Öz gezeginde, Daý Houliýan dünýäniň iň iri tebigy gaz gorlaryna eýe bolan Türkmenistanda ajaýyp maýa goýum gurşawynyň döredilendigi üçin ýurduň ýolbaşçylygyna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi. «CNPC»-niň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, korporasiýanyň ýolbaşçysy ähli borçnamalary ýerine ýetirmekde hemişe jogapkärli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy. Pekindäki duşuşyk türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygynyň dünýäniň energiýa serişdeleri bazarynda durnuklylyk we öňünden çaklap boljakdygynyň şerti bolup galýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
