Hytaý we ABŞ prezident Donald Trampyň Hytaýa saparynyň senesi boýunça özara aragatnaşyk saklaýar diýip, sişenbe güni Pekinde geçirilen brifingde Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekili Lin Szýan aýtdy.
Lin käbir köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Trampyň, eger Hytaý Ormuz bogazynda gämileriň ugradylmagyna ýardam bermese, öz saparyny yza süýşürip biljekdigi diýip aýdandygy baradaky habarlara jogap berdi.
"Biz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu ýalňyş maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde doly nädogry diýip aç-açan ret edendigini we saparyň Ormuz bogazy meselesi bilen baglanyşykly däl diýip nygtandygyny belläp geçýäris," - diýip, ol aýtdy.
"Hytaý we Amerikanyň Birleşen Ştatlary prezident Donald Trampyň Hytaýa saparynyň senesi ýaly meseleleri hem öz içine alýan ugurlar boýunça aragatnaşyk saklaýar," - diýip, Lin goşdy.