Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetinde döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäre ispan diline we medeniýetine, şeýle hem olaryň häzirki zaman halkara gatnaşyklaryna ýetirýän täsirine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Ýokary okuw mekdebiniň hormatly myhmany hökmünde ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili Alekseý Sançes çykyş etdi. Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Gepleşigiň esasy temasy geljekki dilçi hünärmenleriň we diplomatlaryň hünär taýdan ösüşinde dilleriň ähmiýeti boldy.
Alekseý Sançes ABŞ-nyň medeniýetinde ispan mirasynyň täsiri baradaky prezentasiýa bilen çykyş etdi. Ol ABŞ-da her ýyl bellenilýän “Ispan mirasy aýy” barada, şeýle hem ispan diliniň edebiýatdaky we sungatdaky orny barada giňişleýin gürrüň berdi. Günorta Amerika ýurtlarynyň taryhyna we medeni köpdürlüligine aýratyn üns berildi.
Talyplar kastil ispan diliniň aýratynlyklary we onuň sebit dialektleri barada işjeň gyzyklandylar. Duşuşyga gatnaşyjylar şeýle dilleri öwrenmegiň diplomatik we ykdysady ugurlarda täze mümkinçilikleri açýandygyny, şeýle hem halklaryň arasynda ynsanperwer dialogy berkitmäge ýardam edýändigini bellediler.
Şeýle çäreler Türkmenistanyň ýaşlaryna halkara bilermenleriniň tejribesini öwrenmäge we dünýä derejesinde işlemek üçin taýýarlanmagyna mümkinçilik berýär.
ORIENT
