“Tatneft” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy NKT abatlaýyş bölümi üçin kesiji gurallary satyn almak boýunça № 2026/15 belgili tenderi Türkmenistanyň milli walýutasynda geçirýär.
Geçiriljek möhleti: 12.03.2026 – 18.03.2026
Tendere gatnaşmak üçin aşakdakylar talap edilýär:
Gatnaşyjy tarapyndan resmi blankda şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna elektron poçta arkaly arza iberilmeli: KhalilulinBS@tatneft.tatar
Arza ygtyýarly şahs tarapyndan gol çekilen we möhür bilen tassyklanan bolmaly, şeýle hem guramanyň doly ady, onuň hukuk derejesi, hasaba alnan ýurdy we bank rekwizitleri görkezilmelidir. Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da şol ýerde hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Arza kabul edilenden soňra, gatnaşyja arzada görkezilen elektron poçta salgysy boýunça tehniki tabşyryk iberiler.
Tender teklibi elektron görnüşde PDF formatynda, şeýle hem Excel formatyndaky nusgasy bilen bilelikde RAR formatynda arhiw edilip tabşyrylmalydyr. Faýllar azyndan 8 belgiden ybarat açar sözi bilen goralan bolmalydyr.
Tender teklibi «Nebit-Gaz» gazetinde hem-de www.oilgas.gov.tm web sahypasynda resmi çap edilen gününden başlap 5 (bäş) iş günüň dowamynda, 5-nji iş gününiň ýerli wagt bilen 18:00-a çenli tabşyrylmalydyr.
Görkezilen möhletden soň gelen teklipler kabul edilmeýär.
Düşündiriş bermek:
• Guramaçylyk meseleleri boýunça — MTO inženeri: +993-65-83-18-99
• Tehniki meseleler boýunça — NKT abatlaýyş bölüminiň başlygy: +993-61-05-97-59
ORIENT
