Kuweýtiň nebit korporasiýasy (KPC) nebit çykarmagy we ony gaýtadan işlemegi wagtlaýyn azaltjakdygyny yglan etdi. Bu karar doly öňüni alyş häsiýete eýe bolup, deňiz ulaglarynyň howpsuzlygy baradaky aladanyň netijesinde kabul edildi. Esasy sebäpleriniň biri Ormuz bogazynda gämi gatnawy üçin ýüze cykan töwekgelçilikler boldy — sebäbi bu ýer dünýäniň energiýa serişdeleriniň üpjünçilik gatnawlarynyň esasy ulag ýoly hasaplanýar.
Korporasiýanyň ýolbaşçylygy kabul edilen çäreleriň öňüni alyş häsiýetlidigini nygtaýar. Kuweýt sebitdäki gözegçilik ýagdaýy durnuklaşan badyna, öňki önümçilik derejesini tiz wagtda dikeltmek üçin doly tehniki taýýarlygyny saklap galýar. Bu çemeleşme ýurduň halkara hyzmatdaşlaryna bolan borçlaryny durnuksyzlyk şertlerinde jogapkärli ýerine ýetirýändigini görkezýär.
Ormuz bogazy bilen bagly ýagdaý dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde galýar, sebäbi onuň geografiýasy örän özboluşlydyr. Pars aýlagyndan açyk ummana çykýan ýeke-täk deňiz geçelgesi bolup, ol nebit öndürijileri bilen global bazarlary baglaşdyrýar. Häzirki wakalaryň netijesjnde Yrak we Katar hem nebit çykarmagy gaýtadan düzmek boýunça şeýle çäreleri kabul etdi, bu bolsa sebitiň ýurtlarynda ätiýaçlylyk tendensiýasyny görkezýär.
Sarp edijiler we bazar gatnaşyjylary üçin bu maglumat, Kuweýt, Saud Arabystany we BAE ýaly esasy oýunçylaryň üpjünçilik ýollarynyň howpsuzlygyna üns berýändigini aňladýar. Wagtlaýyn çäklendirmelere garamazdan, nebit çykaryjy ýurtlar energetika pudagynyň durnuklylygyny goramaga we mümkin bolan ilkinji pursatda doly işjeňlige gaýdyp gelmäge taýýar.
ORIENT
