Mariýa Zaharowa 4-nji martda geçirilen brifingde rus raýatlarynyň Eýrandan çykyp gitmegi üçin howpsuz ugurlary guramakda beren kömegi üçin Turkmenistana çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Diplomat Aşgabat tarapyndan görkezilen goldawy «ägirt uly» diýip atlandyryp, munuň iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny aýtdy.
«Raýatlarymyza goldaw berýän ähli ýurtlara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirmek isleýärin… Hut şu zatlary biz hakyky dostluk diýip atlandyrýarys. Biz muny diňe ýokary baha bermek bilen çäklenmän, hiç haçan ýatdan çykarmaýarys» - diýip, Zaharowa belledi.
Ol aýratyn minnetdarlygyny türkmen tarapyna gönükdirip, rus raýatlaryna görkezilen hakykatdan-da mähirli gatnaşygy aýratyn nygtady. Diplomatyň sözlerine görä, ewakuasiýa edilenleriň özleri hem öýlerine dolanmak ýolunda döredilen howpsuzlyk we alada üçin Türkmenistana çuňňur minnetdarlyk sözlerini ýetirmegi haýyş edýärler.
Sebitdäki jebislik hereketde
Turkmenistan bilen birlikde, Russiýanyň Daşary işler ministrligi Ermenistana we Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi. Bu ýurtlar hem öz serhetlerini açyp, rus raýatlarynyň çykyp gitmegi üçin alternatiw ugurlary guradylar. Goňşy döwletleriň şeýle bilelikdäki çemeleşmesi sebitdäki durnuksyzlyk şertlerinde netijeli ewakuasiýa ulgamyny döretmäge mümkinçilik berdi.
Mariýa Zaharowa özara ýardam bermegiň Russiýanyň syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biri bolup durýandygyny hem ýatlatdy. Ol mysal hökmünde 2020-nji ýylda Russiýanyň ewakuasiýa uçuşlarynyň diňe rus raýatlaryny däl, eýsem GDA ýurtlarynyň ähli raýatlaryny hem alyp gaýdandygyny aýtdy.
Şu günki wakalar sebit ýurtlarynyň ynsanperwer çagyryşlaryň öňünde jebisligini görkezýär. Aşgabadyň gatnaşmagynda döredilen “ynsanperwer geçelgesi” ýüzlerçe adamyň halas edilmegine mümkinçilik berdi.
