Hytaý Halk Respublikasynda Si Szinpiniň ykdysady pikirlerini öwrenmäge bagyşlanan sorag-jogap görnüşindäki okuw gollanmasy çap edilip, ýurduň ähli künjeklerine ýaýradyldy. Bu neşiri Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň wagyz-nesihat bölümi hem-de Döwlet ösüş we özgertmeler komiteti bilelikde taýýarlady.
Kitabyň awtorlary döwletiň täze eýýamdaky ykdysady tejribesiniň ösüşini giňişleýin seljerýärler. Sorag-jogap görnüşiniň ulanylmagy giň jemgyýetçiligi gyzyklandyrýan möhüm nazary meseleleri netijeli beýan etmäge mümkinçilik berýär. Täze neşirde bu nazaryýetiň ähmiýeti we ylmy ulgamy giň hem-de düşnükli görnüşde görkezilýär, şeýle hem onuň esasy ýörelgeleri we amaly talaplary beýan edilýär.
Neşir partiýa agzalaryna we wezipeli işgärlere innowasion pikirleri has gowy özleşdirip, amaly işi dogry ugrukdyrmaga we netijeli öňe sürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, kitap giň okyjylar köpçüligi üçin hem peýdaly bolar. Okuw gollanmasy 14 bölümden we 50 sany derwaýys soragdan ybaratdyr. Şeýle hem materialyň aýdyňlygyny üpjün etmek maksady bilen köp sanly suratlar we grafikalar bilen baýlaşdyrylandygy bellenilýär.