Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary Si Szinpin HKP-niň MK-nyň Syýasy býurosynyň mejlisine başlyklyk etdi. Gatnaşyjylar 15-nji bäşýyllyk (2026–2030-njy ýyllar) ykdysady we durmuş taýdan ösüş meýilnamasynyň taslamasy hem-de hökümetiň işi baradaky hasabatyň taslamasy barada maslahatlaşdylar. Bu hasabaty Döwlet geňeşi geçiriljek milli kanun çykaryjy ýygnagyň ýyllyk mejlisiniň dowamynda garamaga hödürlär.
Mejlisde bellenilişi ýaly, 14-nji bäşýyllyk döwri (2021–2025-nji ýyllar) Hytaýyň ösüşinde möhüm we aýratyn tapgyr boldy.
HKP-niň MK-si Si Szinpiniň ýolbaşçylygynda partiýany we ähli etniki toparlardan bolan hytaý halkyny jebisleşdirdi. Şonuň netijesinde ýurt ýüz ýylda gabat gelmedik COVID-19 pandemiýasynyň döreden çynlakaý sarsgynlaryna garşy durmagy başardy. Hytaý köp sanly töwekgelçiliklere we kynçylyklara netijeli jogap berdi hem-de partiýa we döwlet üçin möhüm täze üstünlikleri gazandy.
15-nji bäşýyllyk döwri aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolar: ýurt 2035-nji ýyla çenli sosialistik döwrebaplaşdyrmany durmuşa geçirmek babatda ähli ugurlar boýunça öňe ilerleýär we binýatlaryny berkidýär. 15-nji bäşýyllyk meýilnamasynyň ylmy taýdan işlenip taýýarlanylmagy hem-de netijeli durmuşa geçirilmegi güýçli taraplary berkitmäge we olary utgaşdyrmaga, ösüşdäki päsgelçilikleri aradan aýyrmaga hem-de gowşak ýerleri güýçlendirmäge ýardam eder.
Maslahata gatnaşyjylar ykdysady ösüşiň merkezi wezipe bolup galmalydygyny nygtadylar. Özgertmeler we innowasiýalar esasy hereketlendiriji güýç bolar, partiýanyň hemmetaraplaýyn we berk öz-özüni dolandyrmagy ähli tagallalaryň düýpli binýady bolup hyzmat eder. Şol bir wagtyň özünde ykdysady ösüşiň hilini ýokarlandyrmak, önümçilik möçberleriniň degişli ösüşini üpjün etmek hem-de şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösüşini we umumy abadançylygy ilerletmek möhümdir.
Bu maksatlara ýetmek üçin has işjeň we netijeli makroykdysady syýasaty alyp barmak zerurdyr. Mundan başga-da, içerki islegi yzygiderli artdyrmak we teklip gurluşyny kämilleşdirmek zerurdyr. Ýerli şertleri nazara almak bilen täze hil önümçilik güýçlerini ösdürmek, iş üpjünçiliginiň, işewürligiň, bazarlaryň we garaşylmalaryň durnuklylygyny goldamak möhümdir.
Şeýle hem gatnaşyjylar has işjeň fiskal syýasaty we oňa laýyk gelýän ýumşak pul-karz syýasatyny dowam etdirmäge çagyrdylar. Bu, täze ösüş hereketlendirijilerini berkitmäge hem-de aýratyn-da ylym we tehnika ulgamynda öz-özüňe ýeterlikligi çaltlandyrmaga ýardam eder.
Mundan başga-da, esasy ugurlarda özgertmeleri çuňlaşdyrmak, ýokary derejede açyklygy giňeltmek we hemmetaraplaýyn “ýaşyl” geçişi çaltlandyrmak baradaky çagyryşlar ýaňlandy. Mejlisiň ahyrynda hökümetiň öz-özüni kämilleşdirmegini güýçlendirmek we dolandyryşyň netijeliligine dogry baha bermek çemeleşmesini kemala getirmek zerurdygy bellenildi.