
16 — 26-njy fewral aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda eýranly professor-mugallymlar tarapyndan ýurdumyzyň pars dili we edebiýaty boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwlary geçirildi. Okuwlar Eýran Yslam Respublikasynyň Saady gaznasynyň pars dili we edebiýaty mugallymlary Ahmadighader Shahnaz we Sheikhi Tahmine tarapyndan alnyp baryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Okuwlara Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna laýyklykda, bilim işini düýpli kämilleşdirmek, professor-mugallymlaryň, ýaşlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň öňdeligini düzýän halkara sanawlara girizmek meýilleşdirilýär.
Döwletimiz hyzmatdaşlygy giňeltmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny we okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly ylmy we bilimi halkara derejesine çykarmagy maksat edinýär. Alymlaryň we ylmy işgärleriň netijeli işlemegi üçin ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pars dili we edebiýaty boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary üçin geçirilen hünär kämilleşdiriş okuwlary-da aýdylanlaryň aýdyň güwäsine öwrüldi. Okuwlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Sertifikatlar gowşuryldy.
ORIENT