"Türkmennebit" döwlet konserni tender boýunça toparyň adyndan "Türkmennebit " DK-nyň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça 201 belgili halkara açyk tenderi yglan edýär.
Tenderiň geçirilýän möhleti:
24.02.2026 – 09.04.2026
Neşir edilen senesi: 25.02.2026, 17:46
Tenderiň predmeti:
Lot №4 — "Awtoulag, traktor, ýörite tehnika, düzüm bölekleri we ätiýaçlyk şaýlary".
Tendere gatnaşmaga diňe tender resminamasynda bellenen talaplara laýyk gelýän önüm öndürijileri goýberilýär.
Gatnaşmagyň tertibi:
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalara Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça aşakdakylary ýerine ýetirmäge teklip edilýär:
-Gatnaşyjynyň doly adyny, kanuny ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezýän tendere gatnaşmak islegi barada ýazmaça arza tabşyrmak (ofşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan gatnaşyjylaryň arzalary kabul edilmeýär);
-"Harytlar bilen üpjün etmek, işleriň ýerine ýetirilmegi, döwlet zerurlyklary üçin hyzmatlar hödürlemek baradaky tenderler hakynda" Türkmenistanyň kanuny, "Tender düzgünleri" we tendere gatnaşmak üçin zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmak;
-Lotyň spesifikasiýasyny, tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almak;
-Bäsleşige gatnaşmak üçin bir Lot üçin ABŞ-nyň 575 (bäş ýüz ýetmiş bäş) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.
Teklipleriň kabul edilýän möhleti:
Tender teklipleri, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne 30-njy iş güni 12:00 sagatdan gijä galman (ýerli wagt). Bellenen möhletden giç tabşyrylan tender teklipleri kabul edilmeýär.
Syýa möhüri bilen tassyklanan doly tender teklibi bolan bir möhürlenen konwert, bildiriş çap edilen pursatyndan başlap ýokardaky salga eltilmelidir we serişdeler hasabyň hasabyna geçirilenden soň serediler.
Tender konwertinde resminamalaryň elektron görnüşi bolmaly:
-anketanyň elektron görnüşi;
-şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda);
-tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel formatda).
Telefon belgileri:
40-39-24 (arzalary tabşyrmak üçin faks)
40-39-90, 40-39-93, 40-31-06, 40-39-83 (tehniki meseleler)
Elektron poçta: fer@turkmennebit.gov.tm
ORIENT
