2026-njy ýylyň 2–4-nji apreli aralygynda Aşgabat şäherinde CF Ashgabat Turkmen Build International Construction and Energy Fair — sebitiň iň iri gurluşyk we energetika sergileriniň biri geçiriler.
Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler hem-de oňa Türkiýeden 40-a golaý kompaniýa, şeýle-de beýleki ýurtlardan we Türkmenistandan köp sanly gatnaşyjylar gatnaşar.
Sergide aşakdaky ugurlar boýunça kompaniýalar we önümler tanyşdyrylar:
• Agaç önümleri we mebel panelleri
• “Akylly öý” ulgamlary
• Alýuminiý we aýna
• Yşyklandyryş, ýyladyş, howalandyrma we kondisioner ulgamlary (HVAC)
• Santehnika, aşhana we hammam enjamlary
• Binalary awtomatlaşdyrmak we giriş gözegçilik ulgamlary
• Gurluşyk materiallary, tehnika we tehnologiýalar
• Fasad we üçek çözgütleri, beton, sement, suwag
• Öňünden taýýarlanan (prefabrik) binalar we gurluşlar
• Energiýa tygşytlaýjy we gün energiýasy çözgütleri
• Howpsuzlyk we gorag ulgamlary
• Kabel ulgamlary we esbaplary
• Potratçylyk hyzmatlary, seýilgähler we şäher infrastrukturasy ücin enjamlar
• Gurluşyk himiýa materiallary, boýaglar, örtükler we pol ulgamlary
Sergi Net Organization (So Fuar Group) tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralýar. Giňişleýin maglumat resmi saýtda elýeterlidir: https://turkmenbuild.com/turkce.
Türkmenistanyň ähli telekeçileri we işewürlik wekilleri hyzmatdaşlary tapmak hem-de türk we halkara kompaniýalar bilen iş mümkinçiliklerini öwrenmek üçin sergä gatnaşmaga çagyrylýar.
