NASA soňky 50 ýylyň dowamynda ilkinji gezek Aýa adamly uçuşyň 6-njy martda amala aşyryljakdygyny resmi taýdan tassyklady. Ekipaž eýýäm hökmany karantine girip, Orion kosmos gämisinde on günlük syýahata taýýarlyk görýär.
Taryhy missiýanyň düzümine dört tejribeli astronawt girýär: komandir Rid Waýzman, pilot Wiktor Glower, hünärmenler Kristina Koh hem-de Jeremi Hansen (Kanadanyň wekili). 20-nji fewraldan bäri topar Hýuston şäherinde berk izolýasiýada saklanýar. Iki hepdelik karantin uçuşdan öň islendik ýokanç kesellerden goramak üçin howpsuzlygyň adaty talaby bolup durýar.
Artemis II missiýasy aşa agyr göterijili SLS raketasy we Orion kosmos gämisi üçin çynlakaý synag bolar. Astronawtlar “sekizlik” görnüşli traýektoriýa boýunça Aýyň daşyndan aýlanyp, soňra Ýere dolanarlar. Uçuşyň esasy maksady — ýaşaýyş üpjünçilik ulgamlarynyň çuň kosmos şertlerinde nähili işleýändigini barlamakdyr. Bu missiýanyň üstünlikli geçmegi indiki ädime — Aýa adamyň gonmagyna ýol açar.
Ýerdäki gulluklar eýýäm möhüm barlaglary tamamladylar. Ýakynda kosmodromda “çygly” umumy taýýarlyk geçirildi: raketa doly ýangyç bilen doldurylyp, ters sanama synag edildi. Alymlar ownuk wodorod syzyşyny hem öz içine alýan tehniki meseleleri üstünlikli aradan aýyrdylar we häzirki wagtda ähli ulgamlaryň Florida ştatyndaky 39B uçuş toplumyndan uçuşa doly taýyndygyny tassyklaýarlar.
Bu uçuş taryhy waka bolar. Apollo 17 missiýasyndan bäri, ýagny 1972-nji ýyldan soň adamzat ilkinji gezek Ýeriň orbitasynyň çäginden daşyna çykýar. 6-njy martda adamzat Aýda hemişelik bazasyny döretmek ugrunda ilkinji hakyky ädimi äder.
ORIENT
