||

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý 24-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen duşuşdy. Bu barada sb.by habar berýär.
Duşuşykda taraplar iki ýurduň bilelikdäki gün tertibindäki giň gerimli hyzmatdaşlyk meselelerini, şol sanda işewürleriň iki ýurduň möhüm kongress-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyny, medeni-ynsanperwer, parlamentara we daşary işler edaralary arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de, taraplar Belarus bilen Türkmenistanyň arasynda howa gatnawyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň toplumyna hem garadylar.