2026-njy ýylyň Gyşky Olimpiýa oýunlary Italiýada geçirilip, giň gerimli sahna şüweleňi bilen resmi taýdan ýapyldy. Oýunlar bir wagtda Milan we Cortina d'Ampezzo ýaly iki şäherde geçirilmegi hem-de baýraklaryň rekord derejede köp toplumynyň paýlanylmagy bilen taryha girdi.
“Hereketdäki gözellik” ady bilen geçirilen ýapylyş dabarasy biziň eýýamymyzyň I asyryna degişli gadymy meşhur rim amfiteatry bolan Arena di Verona-da geçirildi. Guramaçylar opera sungatyny we sporty birleşdirip, daşky gurşawy goramaga aýratyn üns berdiler: sahnanyň 80%-i agaçdan taýýarlandy, çykyş edýänleriň lybaslary bolsa gaýtadan işlenen materiallardan tikildi. Oýunlaryň taryhynda ilkinji gezek açylyş we ýapylyş dabaralary dürli stadionlarda geçirildi.
Oýunlarda 16 görnüş boýunça jemi 116 baýrak toplumy ugrunda bäsleşildi — bu rekord görkezijidir. Medallar sanawynyň esasy netijeleri:
• Norwegiýa altyn medallaryň we umumy baýraklaryň sany boýunça dünýä rekordlaryny täzeläp, absolýut öňdebaryjy boldy.
• ABŞ 32 medal bilen ikinji orny eýeledi hem-de erkekler we zenanlar arasynda hokkeý boýunça final oýunlarynda möhüm ýeňiş gazandy.
• Italiýa soňky 32 ýylyň dowamynda iň gowy netijesini görkezdi we umumy hasapda dördünji orny eýeledi. • Taryhy täzelik: dag lyžaçysy Lukas Broten Braziliýa üçin Gyşky Olimpiýa oýunlarynda Günorta Amerika boýunça ilkinji “altyn” medaly gazandy.
Bitarap derejede çykyş eden rus türgenleri Oýunlary bir kümüş medal bilen tamamladylar.
2026-njy ýylyň Oýunlary 22 müň inedördül kilometr meýdany öz içine aldy hem-de ýaş tomaşaçylaryň rekord derejesini özüne çekdi. Maksatnama ilkinji gezek ski-alpinizm goşuldy, şeýle hem gatnaşyjylaryň arasynda Benin, Gwineýa-Bissau we BAE döwletlerinden türgenler ilkinji gezek çykyş etdiler. Italiýanyň ýolbaşçylygy bu üstünlikleri üçin Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan Altyn Olimpiýa ordenleri bilen sylaglandy.
ORIENT
