“Türkmengaz” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan ölçeg serişdelerini döwlet barlagyndan geçirmek üçin akkreditirlenen kalibrleme merkezinde ölçeg serişdelerini kalibrlemek boýunça potratçyny saýlap almak boýunça halkara tender yglan edýär.
Arzalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 19-njy fewralyndan 6-njy apreline çenli.
Nädip gatnaşmaly?
1. Arzanyň tabşyrylmagy:
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56, "Türkmengaz" Döwlet konserni, Daşary ykdysady aragatnaşyklary müdirligi, 17.24а otagy salgy boýunça ýazmaça arza tabşyrmaly.
Talaplar: gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, kompaniýanyň işi (işiniň esasy ugry, meňzeş taslamalary alyp barmak tejribesi we beýlekiler) hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly.
Çäklendirmeler: ofşor zolagynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaýar.
2. Kanunçylyk bilen tanyşmak:
Gatnaşyjylar "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly.
3. Bäsleşik töleglerini amala aşyrmak:
Doly bäsleşik bukjasyny almak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 1725 amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almak bilen) töleg tölemeli.
4. Bäsleşik tekliplerini tabşyrmak:
Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden soň tabşyrylan teklipler kabul edilmeýär. Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.
Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 40-32-40
(+99312) 40-32-50
Faks:
(+99312) 40-32-59
ORIENT
