16-njy fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň mugallymlary we pars dili öwrenijileri üçin Eýranly mugallymlar doktor Şähnaz Ahmedi Gader we doktor Tähmine Şeýhiniň gatnaşmagyndaky pars dili we edebiýaty boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary başlandy.
Pars dili we edebiýaty boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň açylyşyna Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, eýranly professor mugallymlar, okuw sapaklarynyň diňleýjileri gatnaşdylar.

Abdolreza Abbasi öz çykyşynda bu okuw sapaklaryň “Saady” gaznasy tarapyndan taýýarlanan we häzirki wagtda Medeniýet merkezinde pars dilini öwretmek üçin ullanylýan kitaplaryň düşündirilişi we kitap bilen bagly bolan meseleleri ara aýyrmaklyk hem-de pars dili mugallymlaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen guralandygyny belläp geçdi. Ähli mugallymlara döredilen mümkinçiliklerden peýdalanmagy, öz bilim derejelerini artdyrmagy, okuw sapaklarynda üstünlikleri arzuw etdi.
Eýranly mugallymlar doktor Şähnaz Ahmedi Gader we Doktor Tähmine Şeýhi Medeniýet merkeziniň mugallymlarynyň pars dilini öwrediş usuly bilen tanyşmak üçin olaryň sapaklaryna gatnaşyp, hünär kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşýan mugallymlary bahalandyrdylar.

Belläp geçsek, pars dili we edebiýaty boýunça hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň 5 sany ýokary okuw jaýy üçin 2025-nji ýylyň fewral aýynyň 16-dan 26- aralygynda dowam eder.
ORIENT
