«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy gyzyklanma bildirýän kompaniýalary ekipažy bilen (ýük göterijiligi azyndan 25 tonna bolan) awtoulag kranyny üpjün etmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça tendere gatnaşmaga çagyrýar.
Arzalary tabşyrmagyň möhleti: 2026-njy ýylyň 19-njy fewralyndan 4-nji martyna çenli.
Töleg walýutasy: Türkmen manatlary / rus rubllary.
Nädip gatnaşmaly?
Talaplar: Doly ady, hukuk ýagdaýy, bank maglumatlary, gol we möhür.
Çäklendirme: Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da hasaplary bolan kompaniýalar gatnaşdyrylmaýar.
Tehniki tabşyryk almak: Tehniki tabşyryk resmi arzaňyza jogap hökmünde e-poçta arkaly iberiler.
Teklipi taýýarlamak:
• Format: PDF + Excel görnüşindäki nusga.
• Arhiwlemek: diňe RAR.
• Howpsuzlyk: hökmany ýagdaýda açar sözi goýulmaly (azyndan 8 nyşan).
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Guramaçylyk meseleleri: +993-65-83-18-99
Tehniki meseleler: +993-61-05-97-59
ORIENT
