
Çarşenbe güni, 18-nji fewralda, birža söwdalaşyklarynda nebit-himiýa, oba hojalygy we ýeňil senagaty önümleri ýerlenildi.
Daşary bazarda Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen suwuklandyrylan gazy satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Serbiýaly telekeçiler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen buýan köküniň gury ekstraktyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Türkiýeli telekeçiler ýerli telekeçiler bilen dokma önümlerini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda ýerli telekeçiler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen nah ýüplügini satyn almak barada geleşik baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň dowamynda umumy bahasy 921 800,00 manada we 3 154 050,00 ABŞ dollaryna barabar bolan 6 geleşik baglaşyldy.
ORIENT