
Çäräni Aşgabadyň Oguzhan adyndaky "Türkmenfilm" birleşigi gurnady. Hеpdeligiň birinji gününde dabaraly çäreler Türkmenistanyň paýtagtynyň üç esasy kino meýdançasynda jemlendi. "Aşgabat" kinoteatrynda režissýor Hekim Alowowyň "Gyzyl alma" çeper filmi halk köpçüligine görkezildi. Film Mergen bilen Almanyň arasynda dörän çyn ýürekden duýgynyň taryhyny açyp görkezýär.
Munuň bilen birlikde, "Watan" kinokonsert merkezinde režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň "Ýaşlar" gysga göwrümli çeper filminiň görkezilişi geçirildi. Režissýor ýaş nesli terbiýelemegiň döwrebap meselelerine ünsi jemleýär. Ýaşlaryň ilkinji duýgulary we olaryň garaşylmadyk hem-de gyzykly ýagdaýlary bilen baglanyşykly wakalar hekaýanyň merkezinde durýar. Nesilden-nesle geçýän milli toý däplerini we dessurlaryny wagyz etmeklige filmde uly orun berilýär. Aktýorlaryň döreden keşpleri arkaly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmagyň zerurlygy baradaky pikir orta atylýar.
Ilkinji günüň üçünji uly meýdançasy bolan "Türkmenistan" kinokonsert merkezinde režissýor Sapardurdy Annaýewiň "Kagyza ýazylan ykbal" filminiň görkezilişi guraldy. Bu iş halkara derejesinde eýýäm tanalýar. Ol 2023-nji ýylyň oktýabrynda Arkadag şäherinde geçirilen "Arkadagyň säheri" halkara kinofestiwalynda baş baýraga mynasyp boldy. Film milli özboluşlylygy saklamak bilen, adamzat ýaşaýşynyň çynlakaý meselelerini orta atýar.
Baýramçylyk hepdeliginiň dowamynda paýtagtymyzyň we welaýatlaryň kinoteatrlarynda beýleki gymmatly filmleriň hem görkezilişi gurnalar. Olaryň arasynda "Seýis", "Binýat", "Köpetdag – ýaş esgeriň arzuwy" ýaly filmler bar, diýip "Bolşaýa Aziýa" habar berýär.